Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş türgenlerimiziň we ussat tälimçilerimiziň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport abraýyny belende götermäge, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşan şahsy goşandyny hem-de 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä derejesindäki ýaryşlarda türgenlerimiziň gazanan ýokary üstünliklerini we olaryň tälimçileriniň bu ugurda bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan:
dünýä derejeli ýaryşlarda altyn medala mynasyp bolan türgenler 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulag;
dünýä derejeli ýaryşlarda kümüş medala mynasyp bolan türgenler 70 müň manat möçberde pul baýragy;
dünýä derejeli ýaryşlarda bürünç medala mynasyp bolan türgenler 40 müň manat möçberde pul baýragy;
dünýä derejeli ýaryşlarda altyn medala mynasyp bolan türgenleri taýýarlan tälimçiler 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulag;
dünýä derejeli ýaryşlarda kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp bolan türgenleri taýýarlan tälimçiler 70 müň manat möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň dünýä derejesindäki ders bäsleşiklerinde we olimpiadalarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wekilçilik edip, ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýeten ýokary sepgitlerini dünýä ýaýmakda gazanan uly üstünliklerini hem-de olaryň halypa mugallymlarynyň bu ugurda bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan:
dünýä derejeli olimpiadalarda ikinji orna hem-de kümüş medala mynasyp bolan okuwçylar 70 müň manat;
dünýä derejeli olimpiadalarda üçünji orna hem-de bürünç medala mynasyp bolan okuwçylar 40 müň manat;
dünýä derejeli olimpiadalarda birinji orna hem-de altyn medala mynasyp bolan talyplar 100 müň manat;
dünýä derejeli olimpiadalarda ikinji orna hem-de kümüş medala mynasyp bolan talyplar 70 müň manat;
dünýä derejeli olimpiadalarda üçünji orna hem-de bürünç medala mynasyp bolan talyplar 40 müň manat;
dünýä derejeli olimpiadalarda ýokary netijeleri gazanan okuwçylary we talyplary taýýarlan mugallymlar 100 müň manat möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.