Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň her gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra, ta­ry­hy se­ne­le­re bes­le­nip, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­ne aý­ra­tyn şan ber­ýär. Hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da bu ýyl­da mil­li ýö­rel­ge­le­ri­miz has-da ös­dü­ril­ýär. Hal­ky­my­zyň ýa­şu­lu­la­ra sa­la sa­lyp, mas­la­hat­ly iş et­mek ýö­rel­ge­si hem öz göz­ba­şy­ny ga­dy­my­ýet­den alyp gaýd­ýar. Şu ýy­lyň 21-nji ýan­wa­ryn­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň, ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­ri­niň bi­le­lik­dä­ki mas­la­ha­ty hem pe­der­le­ri­mi­ziň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň do­wa­mat-do­wa­my bo­lup, ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýär. Il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ryň, dil­le­ri se­na­ly ene­le­ri­mi­ziň, bag­ty­ýar ýaş­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len bu mas­la­hat hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bi­s­li­gi­ni, bag­ty­ýar­ly­gy­ny ýe­ne bir ýo­la äle­me äş­gär et­di.
Mas­la­hat­da ka­bul edi­len döw­let­li çöz­güt­ler bi­len bir­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň dö­re­di­lip, hormatly Prezidentimiziň Per­ma­ny bi­len onuň Başlygy we­zi­pe­si­ne Gahryman Arkadagymyzyň bel­len­me­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowy «Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri» di­ýip yk­rar et­mek ha­kyn­da­ky Kons­ti­tu­si­on ka­nu­nyň ka­bul edil­me­gi «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şan­ly ýy­lyň ta­ry­hy wa­ka­sy hök­mün­de her bi­ri­miz­de uly buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­ret­di. Ata Wa­ta­ny­my­zy dün­ýä­niň se­na­gat taý­dan ösen, kä­mil sy­ýa­sy ul­ga­my bo­lan, ada­lat­ly we de­mok­ra­tik jem­gy­ýet­li ýurt­la­ry­nyň de­re­je­si­ne çy­kar­ma­gy baş mak­sa­dy­na öw­ren Gahryman Arkadagymyz «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­ge­den ugur al­dy. Şu ýö­rel­ge bi­len hem be­ýik öz­ge­riş­le­riň ba­şy­ny baş­lap, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­zi gül­läp ösüş­le­riň, bag­ty­ýar dur­mu­şyň, dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­tiň me­ka­ny­na, yn­san ar­zuw­la­ry­nyň ha­syl bol­ýan ýur­du­na öwür­di. Gahryman Arkadagymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry, ýa­daw­syz zäh­me­ti bi­len Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan gur­mak, dö­ret­mek ba­bat­da dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na deň­leş­di.
Hem­mä­mi­ze mä­lim bol­şy ýa­ly, 2019-njy ýy­lyň ba­ha­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da, be­ýik şah­sy­ýet­le­ri bi­len şöh­rat­ly ta­ry­ha eýe bo­lan Gök­de­pe et­ra­by­nyň mu­kad­des top­ra­gyn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň is­leg-ar­zuw­la­ry­ny, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň tek­lip­le­ri­ni göz öňün­de tu­tup, Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­ni «Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ar­ka­dag şä­he­ri» di­ýip at­lan­dyr­mak çöz­gü­di­ne ge­len­di­gi ba­ra­da­ky hoş ha­bar hal­ky­my­zyň ru­hu­na ruh goş­dy. Asyr­la­ra ýaň sal­jak bu döw­re­bap şä­her – Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­hi­tek­to­ry Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň yh­la­sy­nyň, ägirt uly ta­gal­la­la­ry­nyň, gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik ba­bat­da ýi­ti ze­hi­ni­niň, pä­him-paý­ha­sy­nyň mi­we­si­dir.
Şa­han­daz türk­men hal­ky­nyň dur­mu­şy­ny aý­dym-saz­syz göz öňü­ne ge­ti­rip bol­ma­ýar. Bu ja­dy­ly sun­gat öz göz­ba­şy­ny ga­dy­my­ýet­den alyp gaýd­ýar. Geç­mi­şe sar­pa goý­mak, ta­ry­hy şah­sy­ýet­le­ri­mi­zi hor­mat­la­mak hal­ky­my­zyň asyl­ly mil­li ýö­rel­ge­le­ri­niň bi­ri bo­lup, ol tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da do­wam et­di­ril­ýär. Go­ja­man Kö­pet­da­gyň ete­gin­de tä­ze bi­na bo­lan Ar­ka­dag şä­he­ri­niň me­de­ni­ýet-sun­gat bi­na­la­ry­na geç­miş­de öç­me­jek yz go­ýan gör­nük­li şah­sy­ýet­le­ri­miz Sa­hy Jep­ba­ro­wyň, Şü­kür bag­şy­nyň, Aman Gul­mäm­me­do­wyň at­la­ry­nyň da­kyl­ma­gy gö­wün gu­şu­my­zy ga­nat­lan­dyr­dy. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, mer­te­be­si be­lent bol­sun! Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de tut­ýan tu­tum­la­ry­nyň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­ris!

Ak­gül NUR­BER­DI­ÝE­WA,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.