Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda özüniň parasada ýugrulan edebi mirasy bilen, diňe bir türkmen halkyna däl, eýsem umumadamzada, ylmyň we parasadyň hiç tükenmeýän çeşmesi bolan Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy mynasybetli “Azady – ylmyň, parasatyň öýjügi” atly dabaraly maslahat geçirildi.

Bu maslahatyň öňünde goýan maksadyna ýetmegi we mazmunynyň ylmy esasda giňişleýin açyp görkezilmegi üçin, bu ugurda beýik dananyň eserleriniň her bir sahypasyny inçelik bilen öwrenip, okap, seljeren alymlar, öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Çärä Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatyndan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyndan gatnaşan alymlar we institutyň professor mugallymlary we talyplar gatnaşdylar.
“Azady – ylmyň, parasatyň öýjügi” atly dabaraly maslahata gatnaşyjylar pähim-parasadyň çeşmesi bolan beýik türkmen danasynyň ynsanlaryň kalplarynda mähir-şepagaty, ynsanperwerligi, adalatlylygy, giň ylmy dünýägarýşy we yhsanlylygy kemela getirýän edebi mirasyny öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýtdylar hem-de türkmeni, türkmeniň döreden, pelsepesi esasynda, ýene bir gez belende galdyrýan, abraýyny dünýä ýaýýan, Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize jan saglyk, uzak ömür, dünýä halklarynyň agzybirligine we parahatçylygyna ýol açýan döwletli gadamlarynda diňe rowaçlyklar arzuw etdiler.
Çeşme: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty