Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019-2025-nji
ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň bank ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak giň gerimde alnyp barylýar.
Bu ugurda ykjam internet tehnologiýalarynyň ösmegi hem-de smartfonlara ornaşdyrylýan ýörite goşundylaryň üsti bilen olary ulanyjylar öz hasabyny barlamak, geçirilen amallary görmek, pul geçirimlerini amala aşyrmak, hyzmatlar üçin töleg geçirmek, karz almak, satyn almak ýaly birnäçe mümkinçiliklere eýe boldular. Bu bolsa, öz nobatynda, müşderileriň wagtyny tygşytlaýar.
Häzirki wagtda bu ugurda ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan halkymyza hödürlenen «Altyn asyr», «Milli kart», «Goýum bank karty», «Maşgala» bank kartlary ýaly hyzmatlar hem-de «Internet bank», «Mobil bank» we «Galtaşyksyz töleg» ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl tölegleriň sanynyň yzygiderli artýandygy hasaba alyndy. Bu ugurda soňky döwürde ilat arasynda barha giň meşhurlyga eýe bolýan bank hyzmatlarynyň biri-de, müşderileriň nagt däl hasaplaşyklardan peýdalanmagyny höweslendirmek arkaly nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak bolup durýar. Kart saklaýjylara amatlyklary döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda geçirilýän hasaplaşyklar üçin hödürlenilýän «Cash back» hyzmatydyr. Banklaryň müşderileri üçin amatly bolan bu hyzmatdan peýdalanýanlaryň sany hem günsaýyn artýar.
«Cashback» sözi iňlis dilinden terjime edilende, «Cash» – kassa, pul, «Back» –yzyna gaýtarmak diýmegi aňladýar, ýagny bu bank kartlary arkaly söwda, hyzmatlar üçin tölegleriň hasaplaşyklary geçirilende, tölenen möçberiň belli bir göteriminiň höweslendirme, sylag hökmünde müşderiniň kartyna gaýtarylýandygyny aňladýar.
Bank kartlary arkaly haryt we hyzmatlar üçin töleg edilende, yzyna gaýtarylýan göterim möçberi banka görä üýtgäp bilýär.
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky hem nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Altyn asyr», «Goýum bank karty» bank kartlarynyň eýeleri bolan müşderilerine amatly şertleri döretmek maksady bilen, töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde geçirilen tölegler boýunça «Cash back» höweslendiriş hyzmatynyň möçberini 2 göterime çenli ýokarlandyrýandygyny habar beripdi.
Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň daýhanlary bilen ýakyndan işleşýän Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky pagta, bugdaý, şaly we gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan kärendeçilere ýeňillikli karzlaryň birnäçe görnüşini, ýaşlary goldamak maksady bilen, «Talyp karzy», şeýle hem raýatlary maliýe taýdan goldamak maksady bilen, «Owerdraft» atly bank karzlary hyzmatlaryny hem ýola goýdy.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, milli bank ulgamynda işjeň durmuşa geçirilýän bu täzeçil özgertmeler bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň özara gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, esasan hem, hyzmat edişiň hilini hem-de tizligini artdyrmaga, müşderileriň wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Bize şeýle döwrebap şertlerde netijeli işlemäge, halal zähmet çekip, Watanymyza we halkymyza ak ýürekden hyzmat etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.
Goý, halkymyzy eşretli ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Laçyn Atagarryýewa,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Buhgalter hasaby we hasabaty müdirliginiň Içki buhgalter hasaby bölüminiň esasy hünärmeni.