Balkan welaýatynyň «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň önümçilik çäginde döwrebap ýyladyşhananyň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Oňa Balkan welaýat we Bereket etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, telekeçiler, şeýle hem ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Täze ýyladyşhanany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Nurly umman» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Oňa Niderlandlaryň, Türkiýäniň, Gresiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň döwrebap enjamlary ornaşdyryldy. Ýyladyşhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2 müň tonna pomidor öndürmäge niýetlenendir.
Belläp geçsek, «Nurly meýdan» daýhan hojalygy 2013-nji ýylda döredilip, şondan bäri hem ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürip gelýär.