1-nji ýanwarda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) başlyklygy Şwesiýadan Polşa geçdi. 57 ýurdy öz içine alýan bu halkara guramada Polşa Respublikasy utgaşdyryjy hökmünde çykyş eder.
Polşanyň Premýer-ministri Mateuş Moraweskiniň belleýşi ýaly, hökümet parahatçylygy we howpsuzlygy berkarar etmek üçin öz tagallalaryny gaýgyrmaz.
ÝHHG-niň çägindäki meseleleri çözmäge gönükdirilen meýilnamalar ozal Respublikanyň daşary işler ministri Zbignew Rau tarapyndan yglan edilipdi.
– Polşa başlyk hökmünde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin ähli tagallalary goldamaga çalşar. Biziň ünsümiz häzirki ýagdaýlara gönükdirilip, sebitiň durnuklylygyna çynlakaý täsir eder – diýip, ol belledi.
Polşanyň başlyklygynyň doly maksatnamasy şu aýyň içinde Wenada hödürlener. Ministriň nygtaýşy ýaly, Polşa başlyk hökmünde ÝHHG-niň ähli guramalaryny, wekilhanalaryny we institutlaryny işe çekmek bilen hemmetaraplaýyn we işjeň hereket etmekçi. ÝHHG howpsuzlyk meseleleri bilen meşgullanýan dünýäniň iň uly sebit guramasydyr. Gurama Demirgazyk Amerikada, Ýewropada we Merkezi Aziýada ýerleşýän 57 ýurdy öz içine alýar. Guramanyň ştab-kwartirasy Awstriýanyň paýtagty Wenada ýerleşýär. Bu gurama 1973-nji ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Geňeşi ady bilen döredildi.