Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “Expo 2020” halkara sergisi öz işine başlady. Bu sergi ilkinji gezek Afrika, Günorta Aziýa we Ýakyn Gündogar sebitleriniň çatrygynda geçirilýär. Syýahatçylyk, işewürlik we beýleki ugurlarda dünýäniň öňdebaryjy şäherleriniň biri bolan Dubaýda daşary ýurtly myhmanlary özüne çekmek üçin dürli taslamalar durmuşa geçirildi. Şäher emeli derýajyklary, emeli adalarda gurlan myhmanhanalary, beýik binalary we iri söwda merkezleri bilen tanalýar. Çölüň jümmüşinde döredilen kenarýaka şäherde emeli köller hem bar. Şäheriň etegindäki goraghanada döredilen bu köller diňe syýahatçylary özüne çekmän eýsem, tebigatyň aýawly saklanmagyna hem goşant goşýar. Bu ýerde esasy üç sany emeli köl bolup, olar Al Kudra diýlip atlandyrylýar. Bu kölleriň iň meşhuryna Söýgi köli diýilýär. Köl ýokardan seredeniňde, bir-biriniň içinden geçip duran iki sany ýüregiň şekilini emele getirýär. Emma köl uly bolansoň, ähli ýerini kenarynda durup görüp bolmaýar. Onuň içinde kiçeňräk adalar hem bar.

Bu emeli köller şäheriniň ekosyýahatçylygyna goşant goşýar. Çöl florası we faunasy bilen bir hatarda bu ýerde birnäçe jandarlar, balyklar we 175-den gowrak guş görnüşi ýaşaýar.

Şeýle kölleriň biri hem halkara sergi mynasybetli “Expo 2020” diýlip atlandyrylypdyr. Bu ýerde şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň tebigatyň jümmüşinde gyzykly wagt geçirmekleri üçin şert döredilipdir. Onuň töweregine dürli agaçlar we beýleki ösümlikler ekilipdir.

Şäherden gaty uzak bolmadyk ýerde Ýarym Aý köli hem bar. Adyndan belli bolşy ýaly ýarym Aý şekilli köl, esasan, Günüň batyşyny synlamagy we surata almagy halaýanlaryň barýan ýerleriniň biridir.