Dubaý yzly-yzyna üçünji ýyl ýokary sylaga eýe boldy: “Tripadvisor Travellers’ Choice: Best of the Best Destinations”. Bu baýrak aýratyn möhüm bolup, “Tripadvisor” hyzmatlary ýeňijini kesgitlemekde, 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryna çenli aralykda myhmanhanalaryň, restoranlaryň we güýmenje desgalarynyň hili we mukdary ýaly ölçegleri nazara alyp, millionlarça syýahatçylaryň bahalaryna we synlaryna esaslanýar.
Gozgalmaýan emläk boýunça konsalting kompaniýasy “Sawills” 2023-nji ýylda “Executive Nomad Index 2023” sanawynda uzakdan işlemek üçin Dubaýy iň gowy 20 şäheriň hataryna goşdy. Şeýle hem Dubaý, “Euromonitor International”-iň geçen ýylyň şäher sanawynda, dünýäniň iň meşhur ikinji şäheri diýlip yglan edildi. Mundan başga-da, Dubaý Ýaponiýanyň “Mori Memorial Foundation” instituty tarapyndan düzülen abraýly “Global Power City Index 2023”-iň iň gowy 10 şäheriniň hataryna girdi. Şeýle-de şäherleriň we ýurtlaryň iň uly maglumat bazasy bolan “Numbeo”-nyň sanawynda BAE 2023-nji ýylda howpsuzlyk boýunça dünýäde ikinji orunda durýar.
Bu ajaýyp üstünlikler, 200-den gowrak dürli millete özboluşly mümkinçilik hödürleýän, dünýäde ýaşaýyş durmuşynyň öňdebaryjy merkezi hökmünde Dubaýyň özüne çekijiligini tassyklaýar, ýokary howpsuzlyk ülňüleri bolsa, syýahatçylaryň şäherde dynç almagyny üpjün edýär.
Dubaýyň Ykdysadyýet we syýahatçylyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda Dubaýa 15,37 million daşary ýurtly syýahatçylar gelipdir, bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 20% köp. Bu tendensiýa, işewürlik we dynç alyş, syýahatçylyk, ýaşaýyş we işlemek boýunça dünýäniň iň gowy üç şäheriniň biri hökmünde öz ornuny berkitmek üçin Dubaýyň ykdysady strategiýasyna laýyk gelýär.