Geçen 2025-nji ýylda Dubaýa 20 milliona golaý daşary ýurtly syýahatçy bardy, bu Emirlik üçin täze rekorddyr. Bu barada Dubaýyň Hökümetiniň «Dubai Media Office» metbugat gullugy habar berdi.
«Dubaýyň syýahatçylyk senagaty üç ýyl bäri yzygiderli rekord goýup gelýär, Emirlik 2025-nji ýylda 19,59 million syýahatçyny kabul etdi, bu öňki ýyldakydan 5 göterim köpdür» diýlip, metbugat gullugynyň habarnamasynda aýdylýar.
Dubaýyň Ykdysadyýet we syýahatçylyk edarasy (DET) üç ýyl bäri syýahatçylyk boýunça rekord görkezijileri hasaba alýar, mysal üçin, geçen dekabrda Dubaýa 2 million adam barypdyr. Edaranyň maglumatlaryna görä, Dubaýa, esasan, Günbatar Ýewropadan (umumy sanyň 21 göterimi), Pars aýlagy döwletlerinden, Gündogar Ýewropadan we GDA-dan, şeýle-de Günorta Aziýadan jahankeşdeler barypdyr, şunda sebitleriň her biriniň paýy 15 göterime deňdir.