Dubaýyň Emirligi altyn daşlardan düşelen köçe gurmakçy bolýar, ol täze “altyn mähelläniň” bir bölegi bolmak bilen, syýahatçylara we zergärçilik senagatyna bagyşlanar.
Taslamada ikiýan tarapynda kaşaň dükanlar bolan we aýak astynda arassa altynly köçäniň gurluşygyny özünde jemleýär. Onda altyn, zergärçilik önümleridir ýüz boýag serişdeleri satylýan 1 müňe golaý dükan ýerleşer. Şeýle-de alty sany täze döwrebap myhmanhana bina ediler.
-Altyn Dubaýyň medeni we ykdysady durmuşyna çuňňur ornaşmak bilen, biziň mirasymyzyň, gülläp ösüşimiziň hem-de telekeçilik ruhumyzyň nyşany bolup durýar. Bu täzelikçi taslama arkaly biz diňe bir bu mirasa sarpa goýmak bilen çäklenmän, onuň täze döwür üçin gadyr-gymmatyna baha bermek isleýäris – diýip, Dubaýyň syýahatçylyk boýunça menejeri Ahmed al-Haja belledi.
Täze zolak şäheriň gadymy bazarlarynyň biriniň golaýynda ýerleşer. Altyn köçäniň gurluşygynyň haçan tamamlanjakdygy heniz belli däl.
PDF









