Dünýäniň iň beýik myhmanhanasy Dubaýda açyldy. Emirligiň “The National” gazetiniň habaryna görä, “Ciel Dubai Marinaol” myhmanhanasy 16-njy noýabrda ilkinji myhmanlaryny kabul etdi.
Binanyň beýikligi 377 metr bolup, Dubaýdaky beýleki “Gevora Hotel” myhmanhanasyndan 21 metr beýiklikde. Täze myhmanhananyň 82 gatynyň 1004 otagy syýahatçylara niýetlenendir. 76-njy gatda suw howdany, 81-nji gatda bolsa dynç alyş zolagy bolan terrasa ýerleşýär.
Dubaýda dünýäniň iň beýik 10 myhmanhanasynyň sekizisi ýerleşýär. Olaryň iň meşhurlarynyň biriniň beýikligi 321 metr.
PDF









