Dubaýda bahasy 2 milliard BAE dirhemi (takmynan, 545 million dollar) bolan täze özboluşly desganyň gurluşygyna başlanar. Bu barada Dubaýyň hökümetiniň metbugat gullugy Х sosial ulgamynda habar berdi. “Dubaýyň termalary” diýlip atlandyryljak toplum şäheriň merkezindäki “Zaabel seýilgähinde” ýerleşer.
Beýikligi 100 metre deň bolan desga suw-sagaldyş merkezini, akwaparky we üsti ýapyk botanika bagyny öz içine alar. “Dubaý termalary” taslamasy sebitde şeýle görnüşdäki ilkinji desga bolup, ýylda 1,7 million töweregi adamy kabul etmek üçin niýetlenendir. Termalar latyn dilindäki “ýylylyk”, “yssy” diýen sözlerden gelip çykyp, bir wagtlar jemgyýetçilik hammamlary şeýle atlandyrylypdyr. Desganyň gurluşygy 2028-nji ýyla tamamlanmagyna garaşylýar.