Şä­her­le­riň gör­kü­ne görk goş­ýan suw çüw­dü­rim­le­ri il­ki­baş­da be­zeg­çi­lik mak­sa­dyn­da gu­rul­man, eý­sem, ila­ty agyz su­wy bi­len üp­jün et­mek­de, suw ge­çi­ri­ji­le­ri­ni bi­rik­dir­mek­de hyz­mat edip­dir. Şä­her ýa­şaý­jy­la­ry­nyň suw bi­len bag­ly ze­rur­lyk­la­ry­ny ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin oý­la­nyp ta­py­lan bu ul­ga­ma bo­lan ze­rur­lyk­lar XIX asyr­dan soň aza­lyp, be­zeg hök­mün­de ula­ny­lyp baş­lan­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da hem uly üns be­ril­ýän suw çüw­dü­rim­le­ri­niň göw­rü­mi, owa­dan­ly­gy we öz­bo­luş­ly «he­re­ket­le­ri» bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bir­nä­çe gör­nü­şi bar.
Dün­ýä­dä­ki iň uzyn suw çüw­dü­ri­mi Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de ýer­leş­ýär. 30 gek­tar meý­da­ny eýe­le­ýän bu suw des­ga­sy Burj-Ha­li­fa gök­di­rä­ni­niň öňün­dä­ki köl­de, Du­baý söw­da mer­ke­zi­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýär. «Du­baý çüw­dü­ri­mi» atly bu suw des­ga­sy ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy «WET De­sign» ta­ra­pyn­dan gur­lup, 2009-njy ýyl­da res­mi taý­dan açyl­ýar. Suw des­ga­sy­ny 6600 çy­ra, 50 reňk­li pro­ýek­tor­lar yşyk­lan­dyr­ýar. 275 metr uzyn­lyk­da aý­dym­dyr saz bi­len bi­le­lik­de he­re­ket ed­ýän suw çüw­dü­ri­mi 152 metr be­ýik­li­ge suw pürk­ýär.
Dün­ýä­dä­ki iň uly suw çüw­dü­ri­mi hem Du­baý şä­he­rin­de ýer­leş­ýär. «Pal­ma çüw­dü­ri­mi» atly bu suw des­ga­sy 1 müň
335 ine­dör­dül metr meý­da­ny eýe­le­ýär. Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na dün­ýä­niň iň uly suw çüw­dü­ri­mi LED yşyk­la­ry bi­len, aý­dym-saz ut­gaş­ma­sy we dür­li reňk­de ýag­ty­lyk saç­ma­gy bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Arap aý­la­gyn­da ýer­leş­ýän bu suw çüw­dü­ri­mi hä­zirlikçe iş­le­dil­me­ýär.