2026-njy ýylyň Dublin edebiýat baýragynyň dalaşgärleriniň uzyn sanawyna 20 roman girizildi. Dublin şäher geňeşiniň goldawy bilen geçirilýän bu abraýly baýragyň (Dublin Literary Award) dalaşgärleriniň gysga sanawy 7-nji aprelde çap ediler. Ýeňiji 21-nji maýda Dublin halkara edebiýat festiwalynyň dowamynda mälim ediler.
– Kitaphanalar we tutuş dünýädäki okyjylar bu baýragyň esasy binýadydyr. Men uzyn sanawda orun alan ýazyjylara üstünlik arzuw edýärin we okyjylary bu kitaplary ýerli kitaphanalaryndan ýa-da dükanlaryndan gözlemäge çagyrýaryn – diýip, Dubliniň baş kitaphanaçysy Meýred Owens belledi.
Dublin edebiýat baýragynyň dalaşgärleri — 2026
“Creation Lake” (Ýaradylyş köli) Reýçel Kuşner (amerkan).
“Dream Count” (Arzuwlaryň sany), Çimamanda Ngozi Adiçi (nigeriýaly).
“Gliff” (Gliff), Ali Smit (britan).
“Good Girl” (Gowy gyz), Aria Aber (owgan-nemes).
“In Late Summer” (Tomsuň ahyrynda), Madalena Blažewiç (bosniýaly-horwat).
“Intermezzo” (Aralyk), Salli Runi (Irlandiýaly).
“Live Fast” (Çalt ýaşa), Brižit Giraud (fransuz).
“Ordinary Saints” (Adaty keramatlylar), Niw Ni Moiloýn (Irland).
“Our Evenings” (Biziň agşamlarymyz), Alan Hollinghurst (britan)
“Perspectives” (Perspektiwalar), Laurent Binet (fransuz).
“The Antidote”, (Zäher gaýtargyç), Karen Russel (amerikan).
“The Brittle Age” (Döwlegen döwür), Donatella Di Pietrantonio (Italiýan).
“The Creation of Half-Broken People” (Ýarym synan adamlaryň ýaradylyşy), Siphiwe Gloria Ndlovu (zimbabweli)
“The Echoes” (Ýaňlar), Iwi Waýld (britan)
“The Emperor of Gladness” (Şatlyk imperatory), Oşen Wuong (amerikan).
“The Empusium” (Empuzium), Olga Tokarçuk (polýak).
“The Original Daughter” (Asylly gyz), Jemima Weý (singapur).
“There are Rivers in the Sky” (Gökde derýalar bar), Elif Şafak (britan-türk).
“What I Know About You” (Sen barada bilýänlerim), Erik Şakur (kanadaly)
Şeýle hem, asly ukrain bolan kanadaly ýazyjy Mariýa Rewa özüniň “Endling” (Soňky nesil) atly kitaby bilen bu sanawa girmegi başardy.
Baýrak barada maglumat
Dublin edebiýat baýragy 1996-njy ýyldan bäri dünýä edebiýatyndaky iň ýokary üstünlikler üçin berilýär. Bu baýrak dünýäniň iň abraýly edebi sylaglarynyň biri bolup, iňlis dilinde ýazylan ýa-da iňlis diline terjime edilen çeper eser üçin 100 müň ýewro möçberinde pul sylagyny göz öňünde tutýar.
Eger ýeňiji bolan kitap iňlis diline terjime edilen bolsa, ýazyjy 75 müň ýewro, terjimeçi bolsa 25 müň ýewro alýar. Her ýyl dünýäniň dürli künjeklerindäki köpçülikleýin kitaphanalar öz dalaşgärlerini hödürlemäge çagyrylýar.
PDF









