Dünýäde 8 milliarda golaý ilat bolup, olar 7 müň töweregi dilde gepleşýärler. Şeýle-de bolsa dünýä ilatynyň ýarysy 15 dilde gepleşýär. Dilleriň ösdürilmegi, onuň geljekki nesillere ýetirilmegi üçin dürli çäreler geçirilýär. Awstraliýa Milli uniwersitetiniň alymlary şu asyryň ahyryna çenli 1500 diliň ulanyşdan galjakdygyny anykladylar. Bu barlaglar baradaky ylmy makala «Nature Ecology and Evolution» atly žurnalda çap edildi.
Alymlaryň pikiriçe, dünýäde ykrar edilen dilleriň ýarysyna golaýynda gepleşýän adamlaryň sany azalýar. Barlagyň awtorlary dilleriň ýitip gitmegine täsir edýän 31 faktory ýüze çykarypdyrlar. Olaryň arasynda durmuş-ykdysady görkezijiler, ekologiýa we döwletiň kanun taýdan ykrar edilmegi aýratyn orun eýeleýär. Beýleki diller bilen aragatnaşyk saklamagyň olaryň ösmegine päsgel bermeýändigi bellenilýär. Barlaglaryň iň geň galdyryjy tarapy ýol infrastrukturasy boldy. Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, ýollar obalary şäherlere näçe köp birikdirýän bolsa, dilleriň ýok bolmak howpy şonça-da ýokarydyr. Alymlar ýerli jemgyýetlere maýa goýmagyň dilleri goramaga we ýakyn ýüzýyllykda geljekki nesiller üçin gorap saklamaga kömek etjekdigini aýdýarlar.
Maral SEÝILOWA,
Görogly etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň mugallymy.