Maý aýyn­da ge­çi­ri­ler. Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň (WEF) ýyl­lyk ýyg­na­gy 2021-nji ýy­lyň 18-21-nji maý ara­ly­gyn­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň Lýu­sern şä­he­rin­de gu­ra­lar. Bu fo­rum ýan­war aýyn­da Da­wos­da ge­çi­ril­jek yk­dy­sa­dy mas­la­ha­tyň ýe­ri­ne ge­çi­ri­ler. Da­şa­ry ýurt ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de me­ýil­na­ma­nyň we ýe­riň üýt­ge­dil­me­gi­niň esa­sy se­bä­bi dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Şu ýy­lyň 26-njy aw­gus­tyn­da ka­bul edi­len ka­ra­ra la­ýyk­lyk­da, fo­rum ýan­war aýyn­dan to­mu­sa ge­çi­ril­di.

«Wa­tan bir­le­şi­gi» öň­de bar­ýar. 11-nji okt­ýabr­da Lit­wa Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len Par­la­ment saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň ses­le­ri sa­na­lan­dan soň, Lit­wa­nyň hris­ti­an de­mok­rat­la­ry par­ti­ýa­sy bo­lan «Wa­tan bir­le­şi­gi»-niň 24,8% ses bi­len öň­de bar­ýan­dy­gy bel­li bol­dy. Bu ba­ra­da Lit­wa­nyň Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry ha­bar ber­di. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ýur­duň do­lan­dy­ry­jy Daý­han­lar we «ýa­şyl­lar» bi­le­le­şi­gi ses­le­riň 17,5%-ini ga­zan­dylar. On­dan soň 9,47% ne­ti­je bi­len «Zäh­met» par­ti­ýa­sy we 9,26% ses bi­len Lit­wa so­si­al de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy gel­ýär.

Esa­sy söw­da hyz­mat­da­şy bol­dy. Hy­taý şu ýy­lyň il­kin­ji ýe­di aýyn­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň esa­sy söw­da hyz­mat­da­şy bol­dy. Bu or­ny ozal ABŞ eýe­le­ýär­di. Bu ba­ra­da ÝB-niň sta­tis­ti­ka gul­lu­gy ha­bar ber­di. Ýan­war-iýul aý­la­ryn­da Hy­taý­dan ÝB-e im­port 4,9% ýo­kar­la­nyp, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, ABŞ-dan im­port 11,7% aza­lyp­dyr. Ýan­war-iýul aý­la­ryn­da ÝB-niň esa­sy söw­da hyz­mat­daş­la­ry­nyň sa­na­wy­nyň ba­şy­ny Hy­taý­dan soň­ra ABŞ, Ang­li­ýa, Şweý­sa­ri­ýa we Rus­si­ýa çek­ýär.

200 million ýewro bölüp berer. Ma­rok­ko­nyň Oba ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça karz to­pa­ry, Ýew­ro­pa­nyň ma­ýa go­ýum ban­ky bi­len Pa­ty­şa­ly­gyň oba ho­ja­ly­gy­ny gol­da­mak üçin 200 mil­li­on ýew­ro­lyk ma­li­ýe şert­na­ma­sy­na gol çek­di. Bu şert­na­ma, Ýew­ro­pa­nyň ma­ýa go­ýum ban­ky bi­len Ma­rok­ko­nyň ara­syn­da oba ho­ja­ly­gy­na gol­daw ber­ýän il­kin­ji hyz­mat­daş­lyk­dyr. Ta­rap­lar hyz­mat­daş­lyk ar­ka­ly Ma­rok­ko­nyň oba ho­ja­ly­gy stra­te­gi­ýa­sy bo­lan «Green Ge­ne­ra­ti­on 2020-2030» bi­len aýak­daş git­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy­lar.

Tä­ze be­lent­li­ge çyk­dy. «Möý adam» la­ka­my­ny alan fran­si­ýa­ly Alen Ro­ber ýe­ne-de bir gök­di­rä­ne dyr­ma­şyp çyk­dy. Ol az sa­ly­myň için­de Ger­ma­ni­ýa­nyň Frank­furt şä­he­rin­dä­ki iri ulag kom­pa­ni­ýa­sy­nyň be­lent bi­na­sy­na çyk­dy. Hiç hi­li äti­ýaç­lan­dy­ry­şy bol­ma­dyk 58 ýaş­ly «möý adam» Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­byn­da orun al­dy. Onuň üs­tün­lik­le­ri­niň sa­na­wyn­da «Burj-Ha­li­fa», «Pet­ro­nas» di­ňi, Mosk­wa­nyň döw­let uni­wer­si­te­ti we baş­ga-da köp san­ly be­lent bi­na­lar bar.

200 ýyl­lyk gä­mi­ni ýü­ze çy­kar­dy. ABŞ-nyň Wer­mont şta­ty­nyň bar­lag ge­çi­ri­ji­si 200 ýyl mun­dan ozal Şamp­leýn kö­lün­de gark bo­lan gä­mi­niň ga­lyn­dy­la­ry­nyň üs­tün­den bar­dy. Guw­was Ge­ri Le­fewr kö­lüň düý­bün­de bar­lag ge­çir­ýän wag­ty gä­mi ga­lyn­dy­la­ry­ny ta­pyp, onuň bir par­ça­sy­ny de­ňiz mu­ze­ýi­ne el­tip ber­di. Ar­heo­log Kris Sa­bik bu­la­ryň 1819-njy ýy­lyň 4-nji sent­ýab­ryn­da gark bo­lan «Fe­niks» gä­mi­si­niň par­ça­la­ry­dy­gy­ny anyk­la­dy. – Şamp­leýn kö­lü­niň düý­bi mu­ze­ýe meň­ze­ýär we men ol ýer­de pi­kir et­me­dik zat­la­ry­myň üs­tün­den bar­dym – di­ýip, Ge­ri aýt­dy.

Auk­sio­na çy­ka­ry­lar. Üç ýyl mun­dan ozal AL­RO­SA kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Rus­si­ýa­nyň Ýa­ku­ti­ýa se­bi­tin­de ýü­ze çy­ka­ry­lan 14,83 ka­rat ölçegli gyr­my­zy-gül­gü­ne göw­her 11-nji no­ýabr­da Že­ne­wa­da­ky «Sot­he­by’s» auk­sio­ny­na çy­ka­ry­lar. Ýu­murt­ga şe­kil­li gym­matba­ha daş gül­gü­ne göw­her­den ýa­sal­an. Oňa «The Spi­rit of the Ro­se» («Gü­lüň ­ru­hy») di­ýip at ber­di­ler. Ame­ri­ka­nyň Ge­mo­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty bu göw­he­re «ta­ry­hyň iň aras­sa da­şy» di­ýip ba­ha ber­di. Bi­ler­men­le­riň çak­la­ma­gy­na gö­rä, gym­matba­ha daş 38 mil­li­on dol­la­ra çen­li gir­de­ji ge­ti­rip bi­ler.

Üç mil­li­on ýew­ro tö­le­di. Pa­riž auk­sio­ny­na çy­ka­ry­lan al­lo­zaw­ryň ga­lyn­dy­la­ry 3 mil­li­on ýew­ro sa­tyl­dy. Ga­lyn­dy­nyň ýa­şy 150 mil­lion ýy­la deň­dir. Be­ýik­li­gi 3 met­re, uzyn­ly­gy 10 met­re deň bo­lan ske­le­tiň çen bi­len, 70%-i abat sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Yl­ma belli bo­lan iň uly ýyr­ty­jy­nyň ga­lyn­dy­la­ry­ny ki­miň sa­tyn ala­ndy­gy mä­lim edil­me­di. Bi­ler­men­ler soň­ky dö­wür­de di­no­zawr­la­ryň has uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Mun­dan ozal, Nýu-Ýor­kuň «Chris­tie’s» auk­sio­nyn­da ge­çi­ri­len söw­da­da ti­ran­no­zaw­ryň ga­lyn­dy­la­ry 32 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy.