Şu ýylyň «Dünýä hanymy» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi tailandly 21 ýaşly Suçata Çuangsri boldy. Bu derejä eýe bolmak üçin 108 dalaşgär gatnaşdy diýlip, bäsleşigiň resmi web saýtynda habar berilýär. Tammasat uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby Çuangsri model bolup işleýär, psihologiýa we antropologiýa bilen içgin gyzyklanýar. Suçata Çuangsri bäsleşigiň taryhynda bu derejä eýe bolan Tailandyň ilkinji wekili boldy. Bäsleşik 72-nji gezek geçirildi. Bäsleşigiň finaly Hindistanyň Haýdarabat şäherinde geçirildi.
Aýlar AKMYRADOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.