1804-nji ýylda Ýer ýüzüniň ilatynyň sany bir milliard adama ýetenden soňra, geçen asyrlaryň dowamynda sekiz esse artdy.
Dogluşyň hemme ýerde peselmegine garamazdan, 2022-nji ýyldan bäri dünýä ilaty 200 milliondan gowrak adam artdy. Şunda Hytaýyň we Braziliýanyň ilatynyň sany azaldy, emma Hindistan we Nigeriýa global demografik ösüşiň esasy hereketlendirijilerine öwrüldi.
Hödürlenen infografikada Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna esaslanyp, dünýä ilatynyň ýurtlar boýunça paýlanyşy görkezilýär. Hindistan ilatynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeleýär we çaltlyk bilen 1,5 milliardlyk sepgide golaýlaýar.
2022-nji we 2025-nji ýyllar aralygynda Hindistanyň ilaty, takmynan, 53 million adam artdy. Bu görkeziji, doguluş koeffisientiniň (her zenana 1,9 çaga) dikeldiş derejesinden aşak düşmegine garamazdan gazanyldy. Şol bir döwürde ortaça ömür dowamlylygy 72 ýaşdan geçip, 2000-nji ýyl bilen deňeşdirilende, takmynan, 10 ýyl artdy.
Hytaý 1,4 milliarddan gowrak ilaty bilen dünýäde ikinji orny eýeleýär. 2022-nji ýyldan bäri ýurduň ilatynyň sany 36 million adam azaldy, 2023-nji ýylda bolsa Hindistan bu görkeziji boýunça Hytaýdan öňe geçdi. Ilatyň garramagy we rekord derejedäki pes doguluş demografik pese gaçyşyň çaltlanmagyna sebäp boldy.
347 million ilaty bilen ABŞ 2025-nji ýylda dünýäde üçünji orny eýeleýär. Emma çaklamalara görä, 2050-nji ýyla çenli ýaş ilatynyň köp bolmagy netijesinde sany iki esse artjak Nigeriýa ABŞ-dan öňe geçer.
Ýewropada hem demografik ýagdaý çylşyrymlylygyna galýar. Italiýanyň ilaty dört ýyldan az wagtyň içinde bir milliondan gowrak adam azaldy, Gresiýanyň ilaty bolsa, takmynan, 400 müň adam kemeldi. Bu ýurtlaryň ikisi hem dünýäde ilatynyň ortaça ýaşy iň ýokary bolan döwletleriň hataryna girýär – degişlilikde 48 we 47 ýaş.
PDF









