Şu gije Dünýä Kubogy 2026-a gatnaşjak soňky 6 ýygyndy hem belli bolar. Ýewropadan 4, beýleki yklymlardanam 2 sany milli topar soňky 6 ýeriň birini eýelemek üçin meýdança çykar.

Ýewropada Dünýä Kubogynyň 4 gezek eýesi, taryhynda ilkinji gezek yzly-yzyna 2 ýaryşy goýberen Italiýanyň ýygyndysy Zenisa şäherinde ýerli Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysynyň myhmany bolar. 23:45-de başlanjak oýna fransiýaly Kleman Turpen eminlik eder.
Wiktor Gýokereş ýa-da Robert Lewandowski – ikisinden haýsy hem bolsa biri Dünýä Kubogynyň daşynda galar. Solna şäherinde geçiriljek Şwesiýa bilen Polşanyň arasyndaky oýna sloweniýaly Slawko Winçiç eminlik eder.

24 ýyldan soň Dünýä Kubogynda orun almak isleýän Türkiýäniň ýygyndysy myhmançylykda debýutant bolmak üçin meýdança çykjak Kosowonyň ýygyndysy bilen duşuşar. Oýunda angliýaly Maýkl Oliwer jürlewük çalar.
Şeýle-de, Pragada Çehiýa bilen Daniýanyň ýygyndylary duşuşar. Duşuşyk 23:45-de başlap, oňa italiýaly Maurizio Mariani eminlik eder.
Ençeme ýyllardan soň gatnaşarlar
Interkontinental pleý-off tapgyrynyň çäginde-de 2 duşuşyk geçiriler. Meksikada oýnaljak bu oýunlarda Kongo DR-niň ýygyndysy bilen Ýamaýkanyň hem-de Yragyň milli topary bilenem Boliwiýanyň ýygyndylary duşuşar. Zapopan şäherinde geçiriljek Kongo DR – Ýamaýka duşuşygyna argentinaly Fakunto Tello eminlik eder. Duşuşyk ýarygijeden soň, Aşgabat wagty bilen 02:00-da başlanar. Kongo DR soňky we ilkinji gezek 1974-nji ýylda Zair ady bilen gatnaşypdy. Ýamaýka bolsa mundan öň diňe 1998-nji ýylda çempionata wekilçilik edipdi.
Ertir irden 08:00-da başlanjak oýunda-da Yrak bilen Boliwiýanyň ýygyndylary DK 2026-nyň iň soňky orny üçin özara göreşerler. Guadalupe şäherinde oýnaljak bu oýunda salwadorly Iwan Barton jürlewük çalar.
Yragyň ýygyndysy mundan öň 1986-njy ýylda, Boliwiýa bolsa 1930-njy, 1950-nji we 1994-nji ýyllarda Dünýä Kubogyna wekilçilik edipdi.
23:45 I Bosniýa we Gersegowina – Italiýa
23:45 I Şwesiýa – Polşa
23:45 I Kosowo – Türkiýe
23:45 I Çehiýa – Daniýa
02:00 I Kongo DR – Ýamaýka
08:00 I Yrak – Boliwiýa
PDF









