FIFA geljek ýylyň tomsunda 3 ýurtda – Meksika, Kanada hem-de ABŞ-da geçiriljek Dünýä Kubogynyň topuny mälim etdi. “Adidas” kompaniýasynyň önümi bolan bu top “Trionda” diýlip atlandyrylýar. Ol ispan dilindäki “tri” (üç) hem-de “onda” (tolkun) diýen sözlerden emele gelip, “Üç tolkun” diýmegi aňladýar. Topda gyzyl, ýaşyl hem-de gök reňkler bolup, olar üç ýurduň baýdaklarynyň reňklerinden alnandyr. “Trionda” topunyň daşky gaty 4 panelden ybarat bolup, bu Dünýä Kubogynyň taryhyndaky iň az panel sanydyr.
Mälim bolşy ýaly, Dünýä Kubogy ýaryşyny 1970-nji ýyldan bäri “Adidas” kompaniýasy toplar bilen üpjün edip gelýär.