Mä­lim bol­şy ýa­ly, döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da, paý­tag­ty­myz­da Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň XXVI mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Oňa Bir­le­şi­giň da­şa­ry ýurt we ýer­li bö­lüm­le­ri­niň ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar. Mu­nuň özi dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da ýa­şa­ýan do­gan­la­ry­myz bi­len ýa­kyn gat­na­şyk­la­ryň hem-de ola­ryň ata Wa­ta­ny­myz­da ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li çä­re­le­re iş­jeň gat­naş­ma­gy­nyň döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir.
1991-nji ýy­lyň 18-nji ma­ýyn­da dün­ýä­niň 10 döw­le­tin­de ýa­şa­ýan türk­men do­gan­la­ry­myz il­kin­ji ge­zek öz­le­ri­niň ata Wa­ta­ny Türk­me­nis­tan­da bir sup­ra­nyň da­şy­na jem­le­nip, Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň bi­rin­ji mas­la­ha­ty­ny ge­çir­ýär­ler. Ne­ti­je­de, şol gün Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi dö­re­dil­ýär we onuň Düz­gün­na­ma­sy ka­bul edil­ýär. Şon­dan bä­ri Bir­le­şik da­şa­ry ýurt­lar­da kow­çum bo­lup ýa­şa­ýan türk­men­le­riň we­kil­le­ri bi­len me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek işi­ni üs­tün­lik­li alyp bar­ýar.

Mu­nuň özi Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň hem esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan, döw­le­ti­miz türk­men­le­riň kow­çum bo­lup ýa­şa­ýan ýurt­la­ry bo­lan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa, Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy, Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy, Uk­rai­na, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy, Ow­ga­nys­tan, Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri, Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy we beý­le­ki ýurt­lar bi­len öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Ne­ti­je­de, da­şa­ry ýurt­ly wa­tan­daş­la­ry­myz bi­len ylym, bi­lim, me­de­ni­ýet, sun­gat, ne­şir­ýat işi, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sy­ýa­hat­çy­lyk, sport, te­le­ke­çi­lik ýa­ly ugur­lar­da­ky gat­na­şyk­lar ýyl-ýyl­dan iş­jeň­leş­di­ril­ýär.
Döw­le­ti­mi­ziň beý­le­ki ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­ny ber­kit­mek­de, hal­ky­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­ni, däp-des­sur­la­ry­ny dün­ýä­de wa­gyz et­mek­de we onuň ta­ry­hy­ny, di­li­ni öw­ren­mek­de Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­ne mö­hüm orun de­giş­li­dir. Ge­çen döw­rüň için­de Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi öz öňün­de go­ýan mak­sat­la­ry­na yg­rar­ly bo­lup, yn­san­per­wer­li­ge, ha­ýyr-yh­sa­na ýug­ru­lan en­çe­me iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­di. Onuň ne­ti­je­sin­de da­şa­ry ýurt­lar­da ýa­şa­ýan do­gan­la­ry­myz bi­len gat­na­şyk­la­ry­myz has iş­jeň­leş­di. Hä­zir­ki wagt­da da­şa­ry ýurt­la­ryň 14-sin­de Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň 27 bö­lü­mi he­re­ket ed­ýär. Olar bi­len iş­jeň, yk­dy­sa­dy hem-de yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar sak­lan­ýar. Bir­le­şi­giň da­şa­ry ýurt­ly şah­sy ag­za­la­ry yn­san­per­wer ugur­lar­da iş­le­ri alyp bar­ýar­lar.
Ga­raş­syz ösü­şi­mi­ziň hä­zir­ki tap­gy­ryn­da da­şa­ry ýurt­lar­da ýa­şa­ýan wa­tan­daş­la­ry­myz bi­len hem­me­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne dün­ýä döw­let­le­ri bi­len sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň ös­dür­ýän Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Dün­ýä türk­men­le­ri se­bit­de we tu­tuş Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, asu­da­ly­gyň, öza­ra dü­şü­niş­me­giň, yna­nyş­ma­gyň ber­ka­rar bol­ma­gy ug­run­da ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­ýän, hyz­mat­daş döw­let hök­mün­de giň­den ta­nal­ýan ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän köp san­ly çä­re­le­re iş­jeň gat­naş­ýar­lar hem-de ata Wa­ta­ny­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň şa­ýa­dy bol­ýar­lar. Hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä türk­men­le­ri­niň ýüz­ler­çe­si Türk­me­nis­tan­da iş alyp bar­ýar­lar we ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­re öz my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar.
Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek­de, türk­men hal­ky­nyň baý me­de­ni­ýe­ti­ni, öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry­ny, ta­ry­hy­ny, ede­bi­ýa­ty­ny we di­li­ni wa­gyz et­mek­de Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­ne mö­hüm orun de­giş­li­dir. Bu bir­le­şik dün­ýä türk­men­le­ri­ni je­bis­leş­dir­mek ug­run­da ze­rur ta­gal­la ed­ýän ab­raý­ly gu­ra­ma öw­rül­di.

Şa­ja AÝ­LI­ÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.