Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň ulag ulgamy soňky ýyllarda ýurduň ykdysadyýetiniň iň çalt ösýän we strategik taýdan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. «Gündogar – Günbatar» we «Demirgazyk – Günorta» ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz bu babatda uly ösüşler gazanýar.
Häzirki zaman dünýäsinde durnukly ösüşi we halkara parahatçylygy üpjün etmegiň iň täsirli gurallarynyň biri ulag diplomatiýasydyr. Ulag diplomatiýasy döwletiň geografik artykmaçlyklaryny halkara hyzmatdaşlygynyň bähbidine ulanmak, täze üstaşyr geçelgelerini döretmek we bu ugurda halkara kadalaryny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan yzygiderli syýasatydyr.
Geçen 2025-nji ýylda Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 100,7 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 159,8 göterime barabar boldy. Şol döwürde Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107,3 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 116,2 göterime, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça 108,6 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 110,5 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň barha artýan häzirki döwründe ýol-ulag düzümi hem barha kämilleşdirilýär. Bu ugurdaky özgertmeleri täze basgançaga götermek maksady bilen, ýakynda Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň döredilmegi ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini giňeltmekde taryhy ädim boldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyz halkara ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygyna öwrülýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alýan döwrebap awtomobil ýollary, köprüler we estakadalar diňe bir ykdysady baglanyşygy däl, eýsem, sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan pajarlap ösmegini hem üpjün edýär.
Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň döredilmegi ýurdumyzda hereket edýän ýol-ulag düzümleriniň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmekde, şeýle hem täze ýol-ulag düzümleriniň gurulmagynda möhüm başlangyçdyr. Soňky ýyllarda amala aşyrylýan iri taslamalar ýurdumyzyň dünýäniň ulag kartasyndaky ornuny berkidýär. Aýratyn hem, ýurdumyzyň taryhynda iň uly taslamalaryň biri bolan Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy milli ýol gurluşygynyň kuwwatyny görkezýär. Üstümizdäki ýylda bu möhüm taslamanyň ahyrky tapgyry bolan Mary-Türkmenabat böleginiň açylmagy bolsa, türkmen ýol gurluşykçylarynyň gazanan nobatdaky üstünligi bolar.
Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň işe başlamagy ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini doly ulanmaga, täze iş orunlaryny döretmäge we Türkmenistanyň dünýä derejesindäki logistik merkez hökmünde abraýynyň has-da artmagyna hyzmat eder. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ak ýollarynyň dowamata atarylýandygynyň nyşanydyr.
Dünýägözel KERTIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň inžener-mehanika fakultetiniň fizika kafedrasynyň mugallymy.
PDF









