Köpmilletli amerikan maýa goýum banky bolan “Morgan Stanley”-iň bilermenleri dünýä ykdysadyýetiniň üstümizdäki ýylda 2,5 göterim ösjekdigini çaklaýarlar. Bankyň ykdysatçylarynyň taýýarlan çaklamasynda ABŞ-nyň ykdysadyýeti 2025-nji we 2026-njy ýyllarda 1 göterim töweregi öser. Dünýä ykdysadyýeti geçen ýyl 3,5 göterim ösen bolsa, ABŞ-nyň ykdysadyýeti 2,5 göterim bolupdyr. Çaklama görä, Ýewro sebitindäki ösüş 1 göterime golaý bolar.