Täze ýyl dabarasynyň bezegi bolan feýerwerk şowhunyny synlanyňda, iň batly ses feýerwerkiň sesimikä diýýärsiň. Käbir adam bolsa, kosmosa uçurylýan raketanyň sesini iň batly ses hasaplaýar.
3 kilometr uzaklykdan eşidilýän ýolbarsyň sesi hem jeňňeli ýaňlandyrýar. «Dünýädäki iň güýçli ses haýsy?» diýen sowala her kim sesi eşidişine görä jogap berýär.
Dünýädäki iň batly ses 1883-nji ýylda Indoneziýadaky Krakatau dagynda atylan wulkanyň sesi hasaplanýar. Wulkan partlamasy şeýlebir güýçli bolupdyr welin, takmynan, 3 müň kilometr uzaklykdan hem eşidilipdir. Häzirki zaman hasaplamalary wulkanyň atylan ýeriniň ses derejesiniň, takmynan, 310 desibel bolandygyny çaklaýarlar.
Adamyň gulagy üçin sesi eşitmek çydamlylygynyň çägi 140 desibel hasaplanýar. Deňeşdirmek üçin, tozan sorujynyň sesi 75 desibele, motobyçgynyň sesi
110 desibele we reaktiw hereketlendirijiniň sesi 140 desibele barabar. Adam birnäçe sagatlap 85 desibel sese sezewar bolanda eşitmek ukybyny hemişelik ýitirýär.
Alymlar Krakatau wulkanyndaky ses tolkunlarynyň Ýeriň daşyndan 7 gezek aýlanandygyny, Krakatau partlamasynyň ses ýygylygyny hakyky ses derejesi bilen takyk ölçäp bolmaýandygyny we hasaplamalaryň çaklamalara esaslanýandygyny belleýärler.
PDF









