Binalarynyň beýikligi, gözelligi, täsin dizaýny bilen öňdebaryjy bolan meşhur Dubaý dünýäniň iň beýik myhmanhanasynyň gurluşygyny alyp barýar. Özboluşlylygy bilen tapawutlanjak bina noýabr aýynda açylar. Bina şäheriň täze nyşanyna öwrüler. 82 gatly “Ciel Dubai Marina” oteliniň beýikligi 377 metre deň bolar. Häzirki wagtda beýikligi 356 metre ýetýän Dubaýyň “Gevora” myhmanhanasy dünýäde iň beýik otel hasaplanýar.
Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.