Ro­man oka­ma­gyň peý­da­sy boş wag­ty­ňy gy­zyk­ly ge­çir­mek bi­len çäk­len­me­ýär. Çe­per ede­bi­ýa­tyň bir žan­ry bo­lan ro­man baş­ga dün­ýä ara­laş­ma­ga, yn­san duý­gu­la­ry­nyň çäk­siz­di­gi­ne göz ýe­tir­mä­ge we iç­ki dün­ýä­mi­zi öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bi­ler­men­ler dün­ýä­de iň meş­hur 10 ro­ma­ny mä­lim edip, bu eser­le­riň her bir oky­jy­da uly tä­sir gal­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Oky­jy­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi bu 10 ro­ma­nyň ady­ny eşi­den bol­sa­lar ge­rek. Oky­jy­la­ryň ara­syn­da bu ro­man­la­ry gaý­ta-gaý­ta okan­la­ry hem bar­dyr. Ge­liň, iň meş­hur ro­man­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

«Don Ki­hot». Is­pan ýa­zy­jy­sy Mi­gel de Ser­wan­te­siň il­kin­ji ge­zek 1605-nji ýyl­da çap edi­len «Don Ki­hot» (Don Ki­ho­te de la Mancha) Gün­ba­tar ede­bi­ýa­ty­nyň esa­sy­ny goý­dy. Hä­zir­ki za­man ro­man­la­ry­nyň dö­re­me­gin­de uly orun eýe­le­ýän bu eser­de ry­sar­lar ba­ra­da köp ki­tap okap, aky­ly­ny ýi­ti­ren Don Ki­hot (Alon­so Ki­ha­no) we onuň we­pa­ly dos­ty San­ço Pansa ba­ra­da gy­zyk­ly wa­ka­lar gür­rüň be­ril­ýär. Gül­kü­li we gy­nan­dy­ry­jy wa­ka­la­ra baý ro­man­da is­pan ede­bi­ýa­ty hem-de me­de­ni­ýe­ti açy­lyp gör­ke­zil­ýär.
***
«Ob­lo­mow». Ýal­ta­lyk ba­ra­da gür­rüň goz­ga­lan­da, Iwan Gon­ça­ro­wyň «Ob­lo­mow» ro­ma­ny my­sal hök­mün­de ge­ti­ril­ýär. Il­kin­ji ge­zek 1859-njy ýyl­da Rus­si­ýa­da ne­şir edi­len ro­man­da baş gah­ry­man Il­ýa Iliç Ob­lo­mo­wyň wag­ty­nyň köp bö­le­gi­ni dü­şek­de ýa­typ ge­çi­ri­şi we bi­per­waý­ly­gy tä­sir­li be­ýan edil­ýär. Ro­ma­nyň il­kin­ji 50 sa­hy­pa­syn­da Ob­lo­mo­wyň di­ňe dü­şe­gin­den zor­dan tu­rup, otur­gy­ja ge­çi­şi we otur­gyç­dan ýe­ne-de yzy­na ýat­mak üçin dü­şe­gi­ne bar­şy su­rat­lan­dy­ryl­ýar. Ko­me­di­ýa hä­si­ýet­li ro­man­da goz­gal­ýan esa­sy me­se­le ada­myň ýal­ta­lyk hä­si­ýe­ti we jem­gy­ýe­te peý­da ber­mez­li­gi­dir.
***
«Je­na­ýat we je­za». Fýo­dor Dos­to­ýews­ki­niň «Je­na­ýat we je­za» ro­ma­ny her oky­jy­nyň ömür­lik ýa­dyn­da gal­jak eser­le­riň bi­ri­dir. Dün­ýä­de iň täsirli ro­man­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýan bu eser­de baş gah­ry­man Ras­kol­ni­ko­wyň je­na­ýat edip, ru­hy çök­gün­li­ge düş­me­gi bi­len ah­lak we wyž­dan aza­by­ny çek­me­gi be­ýan edil­ýär.
***
«Iki şä­he­riň he­ka­ýa­sy». Çarlz Dik­ken­siň «Iki şä­he­riň he­ka­ýa­sy» ro­ma­nyn­da ta­ry­hyň jem­gy­ýetiň ruhy ýagdaýyna ýe­tir­ýän tä­si­ri be­ýan edil­ýär. Il­kin­ji ge­zek 1859-njy ýyl­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ne­şir edi­len bu ro­man­da Lon­don bi­len Pa­ri­žiň ara­syn­da­ky Fran­suz re­wol­ýu­si­ýa­sy­nyň dö­re­den dart­gynly­lyk­la­ry ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Ro­man­da Lýu­si­niň, Dar­na­ýyň we Kar­to­nyň ara­syn­da­ky söý­gi üç­burç­lu­gy tä­sir­li be­ýan edil­ýär.
***
«An­na Ka­re­ni­na». Ady iň köp ag­zal­ýan rus ro­man­çy­sy Lew Tols­to­ýyň dün­ýä­dä­ki iň meş­hur eser­le­ri­niň bi­ri hem «An­na Ka­re­ni­na» ro­ma­ny­dyr. Maş­ga­la dur­mu­şy­nyň çyl­şy­rym­ly­ly­gy ba­ra­da oý­la­na­nyň­da, ýa­dy­ňa il­kin­ji düş­ýän bu ro­man­da An­na­nyň ýol­da­şy Alek­seý Ka­re­ni­n bi­len ni­ka­sy­nyň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, graf Wrons­kiý bi­len söý­gi gat­na­şyk­la­ry­ny do­wam et­dir­me­gi, An­na­nyň kyn­çy­lyk­la­ra du­çar bol­şy be­ýan edil­ýär. 1877-nji ýyl­da Rus­si­ýa­da ne­şir edi­len ro­man­da söý­gi­niň ýa­lan we zor­luk bi­len gur­lup bi­lin­me­jek­di­gi su­but edil­ýär.
***
«Les Misérab­les» (Terk edi­len­ler). Fran­suz ede­bi­ýa­ty­nyň iň go­wy nus­ga­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan «Les Misérab­les» ro­ma­ny uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ki­no­da we teatr­da sah­na­laş­dy­ry­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, iň köp okal­ýan ki­tap­la­ryň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar. Wik­tor Gýu­go­nyň 1862-nji
ýyl­da Fran­si­ýa­da ne­şir edi­len ro­ma­nyn­da çö­rek ogur­lan­dy­gy üçin 19 ýyl­lap tus­sag­lyk­da otu­ran Žan Wal­ža­nyň agyr dur­mu­şy, je­na­ýat we ada­lat ug­run­da gö­re­şi be­ýan edil­ýär.
***
«Žer­mi­nal». Il­kin­ji ge­zek 1885-nji ýyl­da Fran­si­ýa­da ne­şir edi­len Emil Zo­la­nyň «Žer­mi­nal» ro­ma­nyn­da Mon­su kö­mür käninde iş­le­ýän iş­çi­le­riň bet­bagt­çy­ly­gy we iş taş­laý­şy gür­rüň be­ril­ýär. Ta­ry­hy wa­ka­ny su­rat­lan­dyr­ýan bu eser fran­suz ede­bi­ýa­ty­nyň iň mö­hüm nus­ga­la­ry­nyň bi­ri­dir.

***

Dün­ýä­de iň köp okal­ýan 10 ro­ma­nyň ara­syn­da fran­suz ýa­zy­jy­la­ry Ono­re de Bal­za­gyň «Li­li­ýa­nyň jül­ge­si», (1925 ý.), Wik­tor Gýu­go­nyň «Notr-Da­myň jaň­la­ry» (1831 ý.), rus ýa­zy­jy­sy Ni­ko­laý Go­go­lyň «Öli jan­lar» (1842 ý.) ro­man­la­ry hem bar.