Häzirki wagtda ylmy-innowasion tehnologiýalar çalt depginde ösýär. Tehnologiýalarň ösmegi bilen täze oýlap tapyşlar ýüze çykýar. Sanly maglumat tehnologiýasy, robototehnika, nanotehnologiýa we täze çykan enjamlar biziň durmuşumyza işjeň ornaşyp, ýerine ýetirýän işimizi köp wagt sarp etmezden taýýarlap berýärler. Sanly tehnologiýalaryň hatarynda ýokary ösüş depgine eýe bolýan “AI” (emeli aň) ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda giňden peýdalanylýar. Häzirki wagtda emeli aň (EA) tehnologiýalary diňe bir synagdan geçen enjam bolmak bilen çäklenmän,eýsem, saglygy goraýyş, maliýe-ykdysady, senagat we beýleki ulgamlarda orun eýeleýär.
Dünýä derejesinde, hususan-da, Nýu Deli şäherinde 16-20-nji fewral aralygynda geçirilen “AI impact summit 2026”-da alymlar emeli aňyň durmuş we ykdysady täsirleri barada pikir alyşdylar. Çykyşlarda EA-nyň etiki taraplaryna, şeýle hem onuň kämilleşdirilen gözleg enjamy bolup durýandygyna üns çekildi. Innowasion tehnologiýalaryň şeýle ösýän döwründe kwant hasaplama tehnologiýasy hem aýratyn ösüşe eýe bolýar. Geçirilen barlaglar esasynda kwant ulgamlarynyň durnuklylygynyň we netijeliliginiň ýokarydygy ýüze çykaryldy.
Ýewropa Bileleşigi (ÝB) we beýleki halkara düzümler tarapyndan taýýarlanan hasabatlara görä, tehnologiýalaryň dünýä derejesinde halk köpçüligine ýaýramagy rekord derejä ýetdi.
“CES 2026” ýaly dünýä derejesindäki geçirilýän tehnologik sergilerde täze enjamlar, şeýle hem ýuka ekranly noutbuklar we robot tehnologiýalaryny öz içine alýan önümler tanyşdyryldy. Bu innowasiýalar aragatnaşyk ulgamlarynda täze çeşmeleri hödürleýär. Şeýle hem, 6G we öňde baryjy simsiz aragatnaşyk ulgamlary ýaly täze kommunikasiýa tehnologiýalary “akylly” şäherler, awtomobil ulaglary, senagat önümçiligi ýaly ulgamlarda maglumaty alyş-çalyş mümkinçiligini ösdürýär. 2026-njy ýylyň sanly ösüş döwründe alymlar EA-nyň ulanylyşyny ýokarlandyrmak, kwant hasaplama tehnologiýasyny giňden ulanyşa goýbermek we innowasion tehnologiýalaryň dürli görnüşlerini ornaşdyrmak ýaly derwaýys meseleleriň üstünde işleýärler.
PDF









