Dünýäniň awtoulag bazary iýun aýynda-da, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda-da oňyn ösüşi görkezdi. Tomusyň ilkinji aýynda dünýäde 7 million 731 müň 358 täze ýolagçy awtoulagy we täjirçilik maksatly ýeňil ulaglar satyldy. Bu bolsa 2024-nji ýylyň iýun aýy bilen deňeşdirilende, 2,1% köp. Bu barada “Just Auto” saýty “GlobalData” maslahat beriş kompaniýasyna salgylanyp habar berýär. Ýylyň birinji ýarymynyň netijelerine görä, awtoulag bazary hem ösüşde: Satuw 44 million 473 müň 945 awtoulag bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4,9% köpeldi.
Hytaý iýun aýynda awtoulag satuwynda dünýäde öňdebaryjy derejesini saklap galdy: 2 311 310 awtoulag satyldy. Bu geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende, 12,6% köp. ABŞ bazary tomus aýynyň birinji aýyny 1 264 024 awtoulag (4,3% az) görkeziji bilen tamamlady, Günbatar Ýewropada 1 million 260 müň 867 (6,8% az), Gündogar Ýewropada bolsa 384 müň 590 (9,9% az) satyldy.
Günorta Amerikada satuw 8,6% artyp, 251 741 awtoulag boldy. Beýleki bazarlar barada aýdylanda bolsa, Ýaponiýanyň netijesi 391 müň 668 awtoulag (5,8% köp), Kanadanyňky 174 müň 357 (3,6% köp), Günorta Koreýanyňky 143 müň 507 (6,1% köp) boldy.
“Awtostat”-yň iýun aýynda Russiýadaky satuwlary baradaky maglumatlaryna görä, ruslar 90 116 täze awtoulag satyn alypdyrlar. Bu maý aýy bilen deňeşdirilende, 2% az we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 27,6% pes. Eger-de, ýylyň birinji ýarymyna seretsek, Russiýanyň awtoulag bazarynyň göwrümi 530 müň 375 täze ýeňil awtoulag boldy. Bu 2024-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlary bilen deňeşdirilende 26,3% az. Ýurduň Senagat we söwda ministrligi ýeňil söwda ulaglaryny hasaba almazdan, diňe ýolagçy awtoulaglaryny öz içine alýan maglumata salgylanýar: iýun aýynda 89 müň 599 (2024-nji ýylyň iýun aýy bilen deňeşdirilende 27% az). Munuň netijesinde, Ýewropa telekeçileriniň awtoulag öndürijiler birleşigi 2025-nji ýylda Russiýa baradaky çaklamasyny 1,4 million ýolagçy awtoulagyndan we täjirçilik maksatly ýeňil ulaglardan 1,25 milliona çenli peseltdi. Ýagny, bazaryň 24% aşaklamagyna garaşylýar.