31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilýän gijede bütin dünýäde täze ýyl uly şatlyk-şowhun bilen garşy alyndy. Ilki bilen, halkara sene çalşygynyň bolýan çyzygynyň günbataryndaky ýurtlar täze ýyla gadam goýdular. Bu ýurtlar Ýuwaş ummanynda ýerleşýär. Kiribati Respublikasyna degişli adalaryň ýaşaýjylary ilkinji bolup, 2026-njy ýyla girdiler. Şol wagt ýurdumyzda sagadyň dili 15:00-y, senenama 31-nji dekabry görkezýärdi.
Täze Zelandiýanyň Oklend şäheri ululygy sebäpli bu baýramçylygyň has dabaraly bellenilýän ilkinji şäheri boldy. Soňra bolsa, degişlilikde Awstraliýa we Aziýa ýurtlary täze ýyly garşy aldylar. Ýurdumyzda feýerwerkleriň sesi ýaňlanýan wagty Oklendde irden sagat 8 bolupdy. Beýik britaniýalylar bizden 5 sagat soňra täze ýyly garşy aldylar. Soňra bolsa, Täze ýyl ýoluny dowam edip, Atlantik ummanyndan geçip, Amerika baryp ýetdi. Braziliýanyň Rio-de Žaneýro, ABŞ-nyň Nýu-Ýork, Kanadanyň Toronto şäherleri Täze ýyl baýramçylygynyň has şowhunly geçirilýän şäherleri hasaplanýar.
Günorta we Gündogar Amerikadan soňra täze ýyl Ýuwaş ummanynyň adalaryna tarap ýoluny dowam etdi. Bu ýerde, esasan, Gawaide has uly dabaralar geçirildi. Amerikan Samoasyndaky we onuň töweregindäki ýaşaýjylaryň täze ýyla girmegi bilen, bütin dünýäde senenamalar 2026-njy ýyly görkezip başlady.
Altyn Çaryýewa,
Aşgabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän «Beýik Serdar nesilleri» atly ýöriteleşdirilen 75-nji orta mekdebiň mugallymy.
PDF









