Köpler piramidalar hakynda söz açylanda ilki bilen Müsüri göz öňüne getirýär. Nil derýasynyň boýunda gurlan bu piramidalardan başga-da, Sudanda, Peruda, Gwatemalada, Hytaýda we Italiýada üçburç binalar bar. Taryhyň iň meşhur binagärligi hasaplanýan piramidalar häzirki wagta çenli özünde açylmadyk syrlary saklaýar. Şeýle syrly ýadygärlikleriň biri hem Meksikada ýerleşýär.
Meksikanyň Ýukatan ýarymadasynda maýa siwilizasiýasyna degişli bolan Çiçen-Isa ýadygärligi iň gadymy gurluşlaryň biri hasaplanýar. 6 gektar meýdany tutýan bu ýadygärlik birnäçe binany öz içine alýar. Çiçen-Isa ýadygärliginiň düzüminde beýik piramida, ybadathanalar, tomaşa meýdançalary we birnäçe täsinlikler ýerleşýär. Çiçen-Isanyň binalary birnäçe binagärlik toplumyna bölünip, olardan Kukulkan ybadathanasyny (El Castillo), Söweşijiler ybadathanasyny we Uly top kortunyň ýadygärliklerini görkezmek bolar.
Çiçen-Isanyň demirgazyk böleginde Kukulkanyň ybadathanasy, ýagny «El Castillo» (Gala) piramidasy şäher ýadygärligindäki esasy binalaryň biridir. X asyrda maýalar tarapyndan gurlan bu piramidanyň depesinde dokuz inedördül eýwandan ybarat ybadathana ýerleşýär. 24 metr beýiklikdäki piramidanyň 365 sany basgançagy bar. Bu şol döwürler Günüň dogşy we batyşy bilen ölçenen hasap bolup, şäherde astronomiýa ylmynyň gülläp ösendiginden habar berýär. Piramidanyň gapdallary 53 dereje burç bilen ýokary göterilýär. Demirgazyk we gündogar basgançaklaryň başlanýan ýerinde aždarhanyň kellesiniň şekili ýerleşdirilipdir. Piramida irki döwürlerde däp-dessurlaryň berjaý edilýän ýeri hökmünde peýdalanylyp, içki bezeginde, esasan, gyzyl reňkli nagyşlar we tegmiller ulanylypdyr. Şeýle hem içerde Çag Mool heýkeli we ýaguar şekilli tagt bar. Piramidadaky geň ýagdaýlaryň biri, günortanyna kölege düşmegi esasynda basgançaklaryň egrem-bugram bolup görünmegidir.
Şäher ýadygärliginiň diwarlarynda gadym döwürlerde sport ýaryşlarynyň geçirilendigine güwä geçýän 13 sany top geçirilýän halka saklanyp galypdyr. 8 metr beýiklikde asylyp goýlan bu halkalardan top geçirmek arkaly ýaryşlar guralypdyr. Sport meýdançasynyň uzynlygynyň 150 metr, ininiň 70 metr töweregi bolandygy çaklanylýar.
Çiçen-Isa şäher ýadygärligi bir asyrdan gowrak wagt bäri syýahatçylar üçin elýeterli bolup, Meksikada baryp görmeli ýerleriň biri hasaplanýar. 1894-nji ýylda syýahatçylyk pudagynyň sanawyna girizilen bu ýadygärlik toplumy 2007-nji ýylda köp sanly ses berişlikden soň dünýäniň 7 täsinliginiň biri hökmünde yglan edildi. Häzirki wagtda piramidany we gadymy desgalary görmek üçin her ýyl 2,5 million töweregi syýahatçy barýar. 1988-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Çiçen-Isa dünýäniň täze 7 täsinliginiň biri hasaplanýar. Çiçen-Isa «gowy etniki nesil» diýen manyny berýär.
PDF









