beýik şahyryň döredijilik dünýäsine seýrana çagyrýar
Keramatly sözüň iň beýik maksatlary bitirmäge ukyplydygyny taryh subut ede-ede gelýär. Geçmişde-de, häzirki wagtda-da bir ýerlikli sözüň güýji bilen başy başlanan tutumlar dünýä bähbitli ajaýyp işleriň amala aşmagyna sebäp bolýandyr. Tamamlananyna kän wagt geçmedik, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk şygryndan kemal tapyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlen ajaýyp şygar bilen atlandyrylan 2024-nji ýyl durşy bilen şanly dabaralara, ähmiýetli çärelere beslendi, ýylyň dowamynda akyldar şahyryň ömri-döredijiligine bagyşlanyp, birnäçe çeper hem ylmy kitaplar, gollanmalardyr makalalar ýazyldy. Şahyryň baý döredijiligini içgin öwrenmäge bagyşlanan şeýle çäreleriň ýurdumyz bilen bir hatarda dünýäde hem dabaralanmagy halkymyz üçin has-da buýsandyryjy boldy.
Şanly ýylyň tamamlanyp barýan günlerinde, şeýle-de uly umyt-arzuwlara beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň öňüsyrasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bolsa giň okyjylar köpçüligi üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy.
Bu gymmatly kitap «Magtymgula düşünmegiň açary», «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary», «Pähim-paýhas ummany», «Parahatçylygyň şahyry», «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry», «Halk ýadyndan aýrylma»,«Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar», şeýle-de «Hakyň hem hakykatyň ýolunda» atly bölümlerden ybarat bolup, ol magtymgulyşynaslardyr akyldar şahyryň şygyrlarynyň her bir muşdagy üçin gymmatly gollanmadyr.
Kämilleşmek islegi bilen her ädimde belentlige ymtylýan ynsan üçin dür manyly kitapdan uly sowgat ýok. Şeýle dürdäne kitabyň tutuş halka, galyberse-de dünýä jemgyýetçiliginiň giň okyjylar köpçüligine niýetlenmegi bolsa, onuň derejesini we gymmatyny has-da beýgeldýär. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň hem ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirilmegi, diline ýa milletine garamazdan dünýädäki her bir aýdyň maksatly adamyň durmuş ýoluna nur saçýan ruhy şamçyraga öwrülmegine ýardam edýär. Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehini arkaly şirwan şygyrlary bilen dünýäniň ýüreginde yz goýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy häzirki günlerimizde hem adamzady ýagşy işlere çagyrýan, ahlagyň, ynsabyň, adamkärçiligiň iň ajaýyp nusgalaryny wagyz edýän beýik namalar bolup Ýer ýüzüne ýaýraýar.
Hormatly Prezidentimiziň jaýdar belleýşi ýaly, Magtymguly hakda ýazmak bakylyk hakda ýazmakdyr. Biz hem bakylyk hakynda kämil eser döredip bilen, beýik adyny taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamynyň ýiti bolmagyny arzuw edýäris!
Şemşat Ataýewa,
Aşgabat şäherindäki 167-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.