Mu­zeý is­len­dik hal­kyň ta­ry­hy, däp-des­sur­la­ry we mil­li­li­gi bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän seý­rek duş gel­ýän gym­mat­lyk­la­ryň sak­lan­ýan ýe­ri­dir. Soň­ky ýyl­lar­da ösen şä­her­ler­de bi­na­gär­li­gi bi­len teh­no­lo­gik ösüş­le­ri saz­laş­ýan myh­man­ha­na­la­ryň, dynç alyş mer­kez­le­ri­niň we ho­wa men­zil­le­ri­niň bir­nä­çe­si gu­rul­ýar. Şeý­le des­ga­la­ryň ha­ta­ry­na döw­re­bap mu­zeý­le­ri hem goş­mak bo­lar. Ge­liň, hä­zir­ki za­man bi­na­gär­li­gi­ni we teh­no­lo­gik ösüş­le­ri ýaý­baň­lan­dyr­ýan iň naý­ba­şy mu­zeý­ler bi­len ta­nyş bo­la­lyň!
Mil­wau­ki sun­gat mu­ze­ýi, ABŞ. Mi­çi­gan kö­lü­niň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän bu mu­zeý­de 25 müň sun­gat ese­ri sak­lan­ýar. ABŞ-nyň iň uly mu­zeý­le­ri­niň bi­ri bo­lan Mil­wau­ki sun­gat mu­ze­ýi 3 sa­ny aý­ry bi­na­dan yba­rat. Bi­na­nyň iň soň­ky tap­gy­ry 2001-nji ýyl­da (bi­rin­ji tap­gy­ry 1957ý, ikin­ji tap­gy­ry 1975ý.) gur­lup, polat gurluşly aý­na bi­na «Quad­racci Pavilion» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Mu­ze­ýiň döw­re­bap nus­ga­sy­nyň tas­la­ma­sy is­pa­ni­ýa­ly bi­na­gär Sant­ýa­go Ka­lat­ra­wa ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­lan­ýar. Aý­na bi­na­nyň üçe­gin­de 66 metr­lik açyl­ýan ga­nat­lar bo­lup, ýo­kar­syn­da ýe­liň tiz­li­gi­ni öl­çe­ýän sensorlar or­naş­dy­ry­lyp­dyr. Aw­to­mat­laş­dy­ry­lan bu ul­gam ho­wa şer­ti­ne la­ýyk­lyk­da ga­nat­la­ryň açy­lyp-ýa­pyl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.
«Mu­seo Sou­maya», Mek­si­ka. Me­hi­ko şä­he­ri­niň meş­hur bi­na­la­ry­nyň bi­ri bo­lan bu mu­zeý owa­dan daş­ky gör­nü­şi hem-de gi­je­si­ne lo­wur­dap şöh­le saç­ma­gy bi­len ün­si özü­ne çek­ýär. Mu­zeý iki bi­na­dan yba­rat bo­lup, mu­ze­ýiň esa­sy bö­le­gi Pla­za Kar­so­da ýer­leş­ýär. Be­ýik­li­gi 46 met­re ýet­ýän 6 gat­ly bi­na­da dam­ja meň­zeş 16 müň al­ty­burç­luk bar. Meş­hur bi­na­gär Fer­nan­do Ro­me­ron mu­ze­ýiň tas­la­ma işin­de suw­dan yl­ham alyp­dyr. Bi­na­da ga­dy­my ta­pyn­dy­lar bi­len bir­lik­de sun­gat eser­le­ri­niň 66 müň­den gow­ra­gy sak­lan­ýar. Şeý­le hem bu ýer­de heý­kel­le­re hem-de nus­ga­wy su­rat eser­le­ri­ne duş gel­mek bol­ýar.
Gel­je­giň mu­ze­ýi, BAE. Hä­zir­ki wag­ta çen­li bi­na­gär­lik tas­la­ma­la­ry­nyň için­de iň çyl­şy­rym­ly­sy ha­sap­lan­ýan Gel­je­giň mu­ze­ýi Du­baý şä­he­rin­de ýer­leş­ýär. Eme­li baý­ryň üs­tün­de gur­lan mu­ze­ýiň daş­ky gör­nü­şi süýn­mek hal­ka­ly ýü­zü­ge meň­ze­ýär. Gur­lu­şy­gyna 2018-nji ýyl­da baş­la­nan des­ga 2022-nji ýyl­da ulan­ma­ga be­ril­ýär. Du­ba­ýyň tä­sin gal­dy­ry­jy des­ga­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Gel­je­giň mu­ze­ýi 7 gat­dan yba­rat bo­lup, ser­gi­ler, teh­no­lo­gik oý­lap ta­pyş­la­ryň gör­ke­zi­li­şi ýa­ly köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler ge­çi­ril­ýär.