Halkara energetika bazarlarynda çig nebitiň bahasy bir barrele 100 dollardan ýokary galdy. B barada “Euronews” habar berýär. Bu ýagdaý dünýäniň strategik suw ýollarynyň biri bolan Hormuz bogazyndaky ýagdaýlaryň ýitileşmegi we sebitdäki parahatçylyk gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagy baradaky habarlaryň fonunda ýüze çykdy. Şeýle hem dünýäniň iri fond biržalarynda paýnamalaryň bahasynda pese düşüş tendensiýasy synlanýar.
Energetika çeşmeleriniň bahasynyň artmagyna, esasan, Hormuz bogazyndaky gämi gatnawyna girizilmegi mümkin bolan çäklendirmeler täsir etdi. Ýewropanyň söwda meýdançalarynda Brent nebitiniň bahasy 7-8 göterim töweregi ýokarlanyp, 102-104 dollar aralygynda saklandy. Halkara bilermenleriň pikiriçe, bu gymmatlama dünýäniň ykdysady durnuklylygyna we önümçilik zynjyrlaryna goşmaça täsirini ýetirip biler.
Maliýe dünýäsiniň beýleki bir möhüm wakasy bolsa Wengriýada geçirilen saýlawlar boldy. Saýlawlaryň netijesinde ýurduň milli walýutasy bolan forint ýewro we dollara garanyňda öz gymmatyny belli bir derejede ýokarlandyrdy. Emma umumy halkara walýuta bazarynda dollaryň beýleki esasy walýutalara (ýewro, funt sterlinge we iýen) bolan gatnaşygy durnuklylygyny saklaýar ýa-da birneme güýçlenýär.
Şu hepdede dünýäniň ykdysady jemgyýetçiligi Waşingtonda geçiriljek Halkara Pul Gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň ýazky maslahatlaryna ünsüni gönükdirer. Şol duşuşyklarda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş çaklamalary we häzirki geosyýasy ýagdaýlaryň energetika bazaryna ýetirýän täsirleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem iri tehnologiýa we bank ulgamlarynyň maliýe hasabatlarynyň çap edilmegine garaşylýar.