Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ýaý­ra­dan mag­lu­mat­la­ry­nyň sel­je­ril­me­gi ne­ti­je­sin­dä­ki çak­la­ma­la­ra gö­rä, ge­çen ýyl dün­ýä­niň ila­ty 8,2 mil­liard­ adamdan geç­di. Ýer ýü­zü­niň ila­ty 1998-nji ýyl­da 6 mil­liard, 2010-njy ýyl­da 7 mil­liard, 2022-nji ýyl­da 8 mil­liard sep­gi­de ýe­tip­di. «Worl­do­me­ter» sta­tis­ti­ka plat­for­ma­sy­nyň çak­la­ma­sy­na gö­rä, dün­ýä­niň ila­ty­nyň 59 gö­te­ri­mi Azi­ýa­da, 19 gö­te­ri­mi Af­ri­ka­da, 9 gö­te­ri­mi Ýew­ro­pa­da, 8 gö­te­ri­mi La­tyn Ame­ri­ka­sy we Ka­rib se­bi­ti ýurt­la­ryn­da, 5 gö­te­ri­mi De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da ýa­şa­ýar. Ila­tyň 2037-nji ýyl­da 9 mil­li­ar­da, 2060-njy ýyl­da 10 mil­li­ar­da ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Dün­ýä­de ila­ty 100 mil­li­on­dan ge­çen 16 ýurt bar. Hy­taý bi­len Hin­dis­tan bol­sa ila­ty mil­liard­dan ge­çen ýurt­lar ha­sap­lan­ýar. Bu iki ýurt dün­ýä ila­ty­nyň ýa­ry­sy­na go­la­ýy­ny eme­le ge­tir­ýär. Ila­ty 200 mil­li­on­dan ge­çen bäş ýurt bar: ABŞ (347 mil­li­on), In­do­ne­zi­ýa (285 mil­li­on), Pa­kis­tan (255 mil­li­on), Ni­ge­ri­ýa (237 mil­li­on) we Bra­zi­li­ýa (212 mil­li­on).
Ýew­ro­pa­da ila­ty 100 mil­li­on­dan ge­çen ýurt ýok. Se­bi­tiň iň köp ilat­ly ýur­dy Ger­ma­ni­ýa­nyň 85 mil­li­on tö­we­re­gi ýa­şaý­jy­sy bar.
Ge­çen ýyl In­do­ne­zi­ýa­nyň paý­tag­ty Ja­kar­ta (42 mil­li­on) dün­ýä­niň iň köp ilat­ly şä­he­ri ady­na eýe bol­dy. Ila­ty 37 mil­lio­na ýe­ten Dak­ka (Bang­la­deş) ikin­ji ýe­ri eýe­le­di. Mun­dan ozal dün­ýä­niň iň köp ilat­ly şä­he­ri ha­sap­lanan Ýa­po­ni­ýa­nyň paý­tag­ty To­kio (33 mil­li­on) üçün­ji or­na düş­di.

Rüstem Mämmedow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň başlygy.