Şweý­sa­ri­ýa­nyň «IQAir» ho­wa mag­lu­ma­ty agent­li­gi dün­ýä­niň 143 ýur­dun­da 446 şä­he­re de­giş­li ho­wa ýag­da­ýy­ny sel­je­rip­, tä­ze mag­lu­mat taý­ýar­la­dy. Mag­lu­ma­ta gö­rä, ge­çen ýyl Ýew­ro­pa­da An­dor­ra, Es­to­ni­ýa we Is­lan­di­ýa iň aras­sa ho­wa­ly ýurt­lar bo­lup­dyr. Sa­na­wa Awst­ra­li­ýa, Bar­ba­dos, Ber­mu­d, Fran­suz Po­li­ne­zi­ýa­sy, Gre­na­da, Tä­ze Ka­le­do­ni­ýa, Pa­na­ma, Pu­er­to-Ri­ko, Re­ýu­non we ABŞ-nyň Wir­gin ada­la­ry gir­di.
Şä­her­ler ba­bat­da al­nan­da bol­sa, Ýew­ro­pa­da Finl­ýan­di­ýa öňe saý­lan­dy. Sebitdäki iň aras­sa 10 şä­he­riň 5-si skan­di­naw ýur­du­na de­giş­li. Ut­ýö ada­sy bi­rin­ji, Muo­nio ikin­ji, Kit­til­ýa üçün­ji ýe­ri eýe­le­di. Ra­nua bä­şin­ji, Ni­wa­la onun­jy bol­dy. To­kaý zo­lak­la­ry we ila­tyň seý­rek ýa­şa­ma­gy ho­wa­nyň aras­sa bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Ýurt­da ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin berk düz­gün­le­riň ber­jaý edil­me­gi, aras­sa ener­gi­ýa­dan has köp peý­da­la­nyl­ma­gy (54%) hem ho­wa­nyň aras­sa sak­lan­ma­gy­na go­şant goş­ýar.
Is­lan­di­ýa­nyň Sand­ger­di şä­he­ri 4-nji ýe­ri eýe­läp­dir. Bred­ka­len (Şwe­si­ýa) al­tyn­jy, Fa­ru (Por­tu­ga­li­ýa) se­ki­zin­ji we Aulf­ta­nes (Is­lan­di­ýa) do­ku­zyn­jy bo­lup­dyr.

Gurbangül Hudaýbergenowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.