“Space X” we “Tesla” kompaniýalaryny esaslandyryjy amerikaly işewür Ilon Mask “X” sosial torunda özüniň bütin ömrüniň dowamynda näçe salgyt tölejekdigini ýazdy. Onuň gelen netijesine görä, bu san 500 milliard amerikan dollaryna deň bolar.
Geçen ýylyň dekabrynda Mask emlägiň möçberi boýunça rekordy täzeledi, ol taryhda emlägi 600 milliard amerikan dollaryndan geçen ilkinji adam boldy.
Muňa kosmos işläp düzmelerine ýöriteleşen SpaceX kompaniýasynyň bazar bahasyna täzeden garalmagy sebäp boldy. Ýagny, bäsleşik teklibi yglan edileninden soňra kompaniýanyň bahalandyryş nyrhy awgustda 400 milliarda, dekabrda 800 milliard dollara çenli ýokarlandy.
“Forbes” žurnaly “SpaceX” kompaniýasynyň paýnamalarynyň 42 göterime golaýyna eýelik edýän Ilon Maskyň baýlygyny 168 milliard dollar diýip netije çykardy. Bu maglumatlary hasaba almak bilen, telekeçiniň emlägi 677 milliard dollara deň boldy.
PDF









