Germaniýanyň “Heimplanet” kompaniýasy “dünýäde iň berk ekspedisiýa çadyry” hökmünde tanadylan “Mavericks Blue Ice” modelini görkezdi. Sagatda 180 km tizlikli şemala çydamly bolan, suw geçirmeýän, örän galyň we berk materialdan ýasalan, daşky tarapy romb görnüşli çişirilýän pürslerden durýan bu çadyr 10 adama niýetlenendir. Beýikligi 195 sm, meýdany 13 inedördül metre, agramy 25 kg bolan bu çadyry 2 taraplaýyn nasoslaryň kömegi 5-10 minutyň dowamynda çişirip bolýar. Toplumyň düzümine aýryp bolýan pol, tanap, gurnamak üçin gerekli enjamlar, gazyklar, şeýle hem ýörite torba girýär. Öndürijiniň sözlerine görä, bahasy 6 müň 439 dollar bolan bu çadyr iň güýçli we kyn howa şertlerinde hem ekspedisiýalara amatly bolar, tupan wagtynda hem belli bir wagtda howpsuzlygy we rahatlygy üpjün eder.

Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.