Ispaniýanyň Barselona şäherinde gurluşygy 100 ýyldan hem köp wagtdan bäri dowam edýän Sagrada Familiýa buthanasynyň haçynyň ilkinji böleginiň dakylmagy bilen, dünýäde iň beýik buthana boldy. Ispan bazilikasynyň beýikligi 162,92 metre ýetdi. Haçyň galan bölegi gurnalandan soň, Isa Mesihiň adyny göterýän ybadathananyň merkezi diňi 172 metre ýeter.
Şeýlelikde, Sagrada Familiýa iň beýik ybadathana adyny Germaniýadaky Ulm soboryndan (nemesçe: Ulmer Münster) aldy. Ulm bu derejäni 1880-nji ýyllardan bäri saklap gelýärdi. “Sagrada Familiýanyň” gurluşygyna 1882-nji ýylda başlanýar.
1926-njy ýylda “Sagrada Familiýanyň” binagäri Antonio Gaudi aradan çykanda onuň meýilleşdiren 18 diňiniň diňe biri gurlupdy. Soňky ýyllarda syýahatçylaryň, myhmanlaryň we meýletinçileriň goşantlary bilen maliýeleşdirilýän Sagrada Familiýa gaznasy ybadathananyň gurluşygyna gözegçilik etdi.
Sentýabr aýynda Sagrada Familiýanyň baş direktory “Associated Press” agentligine beren interwýusynda Isa Mesih diňiniň gurluşygynyň 2026-njy ýylda, ispan binagäri Antonio Gaudiniň aradan çykmagynyň 100 ýyllygynda tamamlanjakdygyny aýtdy. Bezeg elementleriniň, heýkelleriň we binanyň esasy girelgesine alyp barýan basgançaklaryň üstündäki iş ýene-de 10 ýyl dowam eder.
PDF









