Alymlar suwy has dury bolan suw howdanyny anykladylar we näme sebäpden onuň açyk mawy öwüsýändigini düşündirdiler. Barlaglar suwuň reňkiniň we durylygynyň onuň düzümine, çuňlugyna hem-de süzüliş derejesine baglydygyny görkezýär.
Az mukdardaky suw reňksiz görünýär, emma deňizlerde we köllerde ol köplenç mawy bolup görünýär. Bu bolsa suw molekulalarynyň uzyn ýagtylyk tolkunlaryny, şol sanda gyzyl reňki özüne siňdirip, gysga tolkunlaryň – mawy reňkiň bolsa dargamagyny we yzyna şöhlelenmegini şertlendirýär. Mineral bölejikleri, çäge we organiki birleşmeler suwuň öwüşginini üýtgedip bilýär, ýöne goşundylar iň az mukdarda bolanda, suw aýratyn dury bolup galýar.
Dünýäniň iň dury süýji suwly köli hökmünde Rotomairewenua, şeýle hem Gök köl diýlip bilinýän suw howdany ykrar edildi. Ol Täze Zelandiýanyň Nelson-Leýks milli seýilgähinde ýerleşýär. Ölçegler kölüň düýbüniň, takmynan, 80 metre çenli görünýändigini görkezdi – bu görkeziji süýji suw üçin fiziki çäklere örän ýakyndyr. Şeýle täsir buzuň eremeginden emele gelen çökündileriň üsti bilen tebigy süzülmegiň netijesinde gazanylýar. Göräýmäge, suw mawy we melewşe öwüşginleri berýär. Maory halky üçin köl mukaddes hasaplanýar.
Deňiz akwatoriýalarynyň arasynda bolsa Günorta ummandaky Ueddell deňzi hem şeýle durylygy bilen tapawutlanýar. Emeli hemralar arkaly geçirilýän gözegçilikler Ýuwaş ummanyň günorta bölegindäki suwlaryň hem ýokary durylygyny we doýgun mawy reňkini tassyklaýar.