Dün­ýä­de ni­ka­la­şyp, hä­zir­ki wag­ta çen­li bi­le ýa­şa­ýan iň gar­ry jübütler Laýl bi­len Elea­nor Git­tens­ler ha­sap­lan­ýar. Bu jü­büt­le­riň söý­gi he­ka­ýa­ty 1941-nji ýyl­dan – ABŞ-nyň Klark At­lan­ta kol­le­jin­de okap ýö­ren döwürlerinde baş­lan­ýar. Şol ýyl­lar Laýl uni­wer­si­te­tiň bas­ket­bol to­pa­ryn­da çykyş edýän eken. Elea­nor bol­sa söý­ýän ýi­gi­di­niň bas­ket­bol oýun­la­ry­na hö­wes bi­len to­ma­şa edipdir. Ýaş ju­wan­lar 1942-nji ýyl­da ni­ka­laş­ýar­lar. Şu ýyl toý tu­ta­nlary­na 83 ýyl bo­lan Laýl bi­len Elea­nor umu­my ýa­şy 216-dan ýo­ka­ry bo­lan dün­ýä­niň iň uzak ni­ka­ly jü­büt­le­ri re­kord­y­ny tä­ze­le­di­ler. Ikin­ji Ja­han ur­şy ýyl­la­ryn­da dur­muş gu­ran jü­büt­ler uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Nýu-Ýork­da ýa­şap, üç ça­ga­ny ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­di­ler. Hä­zir­ki wagt­da Ma­ýa­mi­de ýa­şa­ýan Git­tens­ler uzak ömür sür­me­giň we uzak ni­ka­ly bolmagyň sy­ry­ny söý­gi hem-de sa­byr­ly­lyk bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar­lar. Hä­zir­ki wagt­da Laýl 108, Elea­nor bol­sa 107 ýa­şyn­da. Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len Git­tens­ler bi­ri-bi­ri­ne bo­lan söý­gü­si­niň we ni­ka­sy­nyň ömürlikdigini bel­le­ýär­ler.

1 asyrdan soň nikalaşdylar
Bu ha­ba­ry oka­nyň­da, söý­gi­niň ýaş saý­la­ma­ýan­dy­gy­na ýe­ne bir ge­zek göz ýetirýärsiň. Mar­jo­rie Fi­ter­man bi­len Ber­nie Litt­man dün­ýä­niň iň gar­ry ni­ka­la­şan jü­büt­le­ri diý­lip, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Fi­ter­man 102 we Litt­man 100 ýa­şyn­da bo­lup, olar Fi­la­del­fi­ýa­da­ky gar­ry­lar öýün­de nikalaşdylar. 2024-nji ýyl­da toý tu­tan iň gar­ry jü­büt­le­riň umu­my ýa­şy 200-den geç­ýär. Olar met­bu­ga­ta be­ren in­terw­ýu­syn­da ni­ka­laş­mak we toý tut­mak üçin hiç ha­çan giç däl­di­gi­ni, ýaş­lyk ýyl­la­ryn­da bi­ri-bi­ri­ne duş gel­män­diklerine ga­ra­maz­dan, gar­ry­lar öýün­de
9 ýyl­lap ha­la­şan­dan soňra, toý tu­tan­dyk­la­ry­ny bel­le­ýär­ler. Zäh­met rug­sa­dy­na çyk­ýan­ça Fi­ter­man mu­gal­lym, Litt­man bol­sa in­že­ner­çi­lik ug­run­da zäh­met çe­kip­dir.