Beýik Britaniýada ýaşaýan, dünýäniň iň garry pişigi hasaplanýan Flossi 30 ýaşyny doldurdy. Adam ýaşy bilen hasaplananda, onuň ýaşy 140–150 ýyla barabardyr. Flossi 2022-nji ýylyň noýabrynda resmi taýdan dünýäniň iň garry pişigi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi.
“Uzak” ömrüniň dowamynda pişik birnäçe gezek eýesini çalşyrmaly boldy. Ýaşy bilen baglylykda, onuň görşi we eşidişi gowşan hem bolsa, ol entek hem işjeňligini saklaýar, hatda käwagt oýun oýnamagy-da gowy görýär. “Dexerto” neşiriniň ýazmagyna görä, Flossi entek kiçijik wagty Beýik Britaniýanyň Mersisaýd sebitindäki Sent-Helens hassahanasynyň golaýynda ýaşaýan ýabany haýwanlaryň arasyndan halas edilipdir.
PDF









