Özbegistanyň Fergan welaýatynyň ýaşaýjysy Huwaýdo Umarowa dünýäniň iň garry ýaşaýjysy diýlip yglan edildi. Ýurduň Adalat ministrligi garry zenanyň 130 ýaşyndadygyny habar berdi. Ýaşuly zenanyň dogluş senesiniň şol döwrüň şahadatnama kitapçalarynda ýoklugy sebäpli, onuň dogluş senesi Karakum sebitindäki mejlis wagty diýlip kesgitlendi. Huwaýdo Umarowanyň dogluş senesi 1895-nji ýylyň 1-nji ýanwary hökmünde kesgitlendi. Ýaşuly zenanyň ýaşyny ykrar etmek baradaky arza Buwaýda etrap adalat bölümi tarapyndan berildi. Eger-de bu arza halkara hünärmenler tarapyndan hem tassyklanan ýagdaýynda Huwaýdo Umarowanyň ýaşy ony uzak ýaşlylaryň arasyndaky rekordyň täzelemegine we Ginnesiň rekordlar kitabynyň sahypasyndan orun almagyna mümkinçilik berer. Sebäbi, şu wagta çenli dünýäniň iň garry adamy 1875-nji ýylyň 21-nji fewralynda Fransiýanyň Arl şäherinde dünýä inen Žanna Kalmandyr. 1997-nji ýylyň 4-nji awgustynda dünýeden öten zenan 122 ýyl 164 gün ýaşapdyr.

Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.