Angliýanyň Sureý şäherinde ýaşaýan 115 ýaşyndaky Etel Keýterem Ginnesiň Rekordlar kitabyna «Dünýäniň iň garry zenany» diýlip hasaba alyndy. Etel Keýterem braziliýaly Ina Kanabarro Lukas 30-njy aprelde 116 ýaşynda aradan çykandan soň, dünýäniň iň garry zenany boldy. Etel Keýterem 1909-njy ýylyň 21-nji awgustynda Angliýanyň Hempşir graflygynyň Bellinger şäherinde dünýä inýär. Sekiz doganyň körpeden ulusy bolan Etel Hindistan, Gonkong ýaly birnäçe ýurda syýahat edipdir.