«Resonance Consultancy» maslahat beriş kompaniýasy 2026-njy ýylda ýaşamak, syýahat etmek we maýa goýmak üçin iň gowy şäherleriň sanawyny mälim etdi. Her ýyl ýaýradylýan «World’s Best Cities» atly sanaw taýýarlananda, howanyň arassalygy, ýöremek üçin ýodalar, saglygy goraýyş ulgamy, şäherdäki gezelenç edip bolýan ýerleriň, iri kompaniýalaryň sany, iş ekoulgamy ýaly görkezijilere baha berilýär. Bilermenler ilaty 1 milliondan geçýän 270-den gowrak şäheri seljeripdirler. Sanawda Ýewropa şäherleri agdyklyk edýän hem bolsa, soňky ýyllarda Aziýadaky şäherleriň sany hem artýar. London (Beýik Britaniýa), Nýu-Ýork (ABŞ), Pariž (Fransiýa), Tokio (Ýaponiýa) we Madrid (Ispaniýa) öňdäki bäşlige giripdir. Ilkinji onlugy Singapur (Singapur), Rim (Italiýa), Dubaý (BAE), Berlin (Germaniýa) we Barselona (Ispaniýa) jemläpdir.
Mähri Hemraýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
PDF









