Adam başyna düşýän girdeji boýunça dünýäde iň gurply 10 ýurduň ýedisi Ýewropada ýerleşýär. Bu maglumatlar Halkara Pul Gaznasynyň 2025-nji ýylyň oktýabr aýy üçin täzelenen sanawynda bar. Sanawyň başyny Şweýsariýa bilen Awstriýanyň arasyndaky kiçijik bir knýazlyk bolan Lihtenşteýn çekdi, bu ýerde adam başyna düşýän jemi içerki önüm 231,713 amerikan dollaryna ýetdi.Bilermenler bu ýokary görkezijiniň ykdysadyýetiň aýratyn gurluşy bilen düşündirilýändigini belleýärler: işçi güýjüniň, takmynan, 60 göterimi her gün iş üçin serhetden geçýän ýaşaýjylardan ybarat. Olaryň ilat statistikasynda göz öňünde tutulmandygy sebäpli, bir adama düşýän ortaça girdeji has ýokary görünýär.

Ikinji orunda meňzeş modeli ulanýan Lýuksemburg gelýär: daşary ýurtly işgärleriň köpdügi we öňdebaryjy maliýe pudagy ýurduň ykdysadyýetini ösdürýär.

Irlandiýa ilkinji üçlügi jemleýär, onuň her adam başyna düşýän jemi içerki önümi 129,132 dollara deňdir. Ýurduň ykdysady üstünligi iri halkara kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagy bilen baglanyşyklydyr. “Google”, “Meta”, “Apple” we “Microsoft” ýaly kompaniýalaryň Ýewropadaky ştab-kwartiralary şu ýerde ýerleşýär. Soňky 10 ýylyň dowamynda Irlandiýa global IT senagatynyň merkezleriniň birine we kiçi bir ýurduň “bilim ykdysadyýetini” nädip gurup biljekdiginiň mysalyna öwrüldi.

Şweýsariýa, Islandiýa we Singapur hem ilkinji onluga girdi. Halkara Pul Gaznasynyň bilermenleri bu ýurtlaryň ýokary real girdeji görkezýändigini we olaryň görkezijileriniň salgyt ýeňillikleri ýa-da daşary ýurtly işçileriň akymy bilen gönüden-göni baglanyşykly däldigini nygtaýarlar.

Singapur has-da tapawutlanýar: 1980-nji ýyldan bäri şäher-döwletiň adam başyna düşýän ortaça girdejisi 19 esse artdy. Sebäbi bu ýurt maliýe, logistika we ýokary tehnologiýalaryň global merkezine strategik taýdan öwrüldi. Häzirki wagtda Singapur işewürlik işjeňligi we ýaşaýşyň hili babatda London we Nýu-Ýork bilen bäsleşýär.

Halkara Pul Gaznasy öňdebaryjy ýurtlaryň köpüsiniň ösen sosial ulgamy, bilime we innowasiýalara maýa goýumlarynyň ýokary paýy we durnukly syýasy gurşawy bolan kiçi döwletlerdigini belleýär. Deňeşdirmek üçin, 2025-nji ýylda dünýäde adam başyna düşýän jemi içerki önümiň ortaça möçberi 15 000 dollara deň diýlip çaklanylýar. Ykdysatçylar şeýle tapawutlaryň diňe bir ykdysadyýetiň möçberini däl, eýsem, dolandyryşyň netijeliligini, tehnologiýanyň derejesini we sosial syýasaty hem görkezýändigini belleýärler.