“The Art Newspaper” neşiri dünýäniň iň köp barylýan muzeýleriniň ýyllyk reýtingini çap etdi. 2025-nji ýylda 9 046 000 sapar bilen Luwr, Watikan muzeýleri (6 933 822 sapar) we Koreýanyň Milli muzeýi (6 507 483 myhman) sanawyň başyny çekdi.
Reýtinge jemi 100 sany muzeý girdi. Ilkinji onluk şeýle görnüşde:
Luwr (Pariž, Fransiýa) — 9 046 000 myhman;
Watikan muzeýi — 6 933 822 myhman;
Koreýanyň Milli muzeýi (Seul, Koreýa Respublikasy) — 6 507 483 myhman;
Britan muzeýi (London, Beýik Britaniýa) — 6 440 120 myhman;
Metropoliten muzeýi (Nýu-Ýork, ABŞ) — 5 984 091 myhman;
Rus muzeýi (Sankt-Peterburg, Russiýa) — 5 087 276 myhman;
Milli antropologiýa muzeýi (Mehiko, Meksika) — 5 048 893 myhman;
Şanhaý muzeýi (Şanhaý, Hytaý) — 4 593 216 myhman;
Teýt döwrebap galereýasy (London, Beýik Britaniýa) — 4 514 266 myhman;
Milli galereýa (London, Beýik Britaniýa) — 4 147 544 myhman.
“The Art Newspaper” muzeýlere bolan gyzyklanmanyň ýokarydygyny belleýär. 2025-nji ýylda iň meşhur 100 sany muzeýe jemi 200 milliondan gowrak adam barypdyr. Bu görkeziji 230 million myhmany bolan 2019-njy ýylyň derejesinden pesräk bolsa-da, diňe 54 million myhman hasaba alnan 2020-nji ýylyň netijelerinden ep-esli ýokarydyr.