Dünýäniň haýsy künjegine gitseňiz hem, haýsy dilde gepleseňiz hem, ähli dillerde gulaga ýakyn gelýän ýeke-täk söz bar, ol hem “Pizza” sözüdir. Bu jadyly söz ähli halklar üçin iň söýgüli tagamy aňladýar diýsek, megerem, ýalňyşmasak gerek. Soňky ýyllarda dünýä aşhanasynyň iň meşhur we iň köp söýülýän naharlarynyň sanawynda pizza durnukly öňdäki orunlary eýeleýär. Ýönekeýje hamyr böleginiň üstüne goýulýan dürli önümler bilen taýýarlanýan bu tagam, şu günki günde diňe bir italýanlaryň däl, eýsem bütin dünýä halklarynyň iň gowy görýän lezzetine öwrüldi.
Pizzanyň taryhy kökleri gadymy döwürlere baryp direýär. Köp sanly taryhçylaryň bellemegine görä, hamyryň üstüne dürli önümleri goýup bişirmek däbi ilki bilen Gadymy Gresiýada we Müsürde döräpdir. Emma häzirki zaman pizzanyň hakyky mekany Italiýanyň Napoli şäheri hasaplanýar.
XVIII asyrda Napoli köçelerinde giň halk köpçüliginiň söýgüli we elýeterli tagamy hökmünde peýda bolan pizza, 1889-njy ýylda taryhy öwrülişik nokadyna ýetýär. Italiýanyň şol wagtky Şa zenany Margaritanyň hormatyna meşhur aşpez Raffaele Esposito tarapyndan Italiýanyň baýdagynyň reňklerini aňladýan (gyzyl pomidor, ak mozzarella peýniri we gök bazilik) ýörite pizza taýýarlanýar. Patyşa maşgalasynyň bu tagama bolan gyzyklanmasyndan soň, ol “Margarita” adyny alyp, dünýä ýüzüne ýaýrap başlaýar.
Häzirki wagtda pizzanyň ýüzlerçe görnüşi bar bolsa-da, olaryň käbirleri özboluşly tagamy bilen aýratyn tapawutlanýar. Ine, olaryň käbiri:
Margarita
Nusgawy we üýtgewsiz tagam. Ol pomidor, mozzarella peýniri, gök bazilik ýapraklary we zeýtun ýagy bilen taýýarlanýar.
Pepperoni
Bu görnüşiň esasy aýratynlygy bolan ajyrak kolbasa (pepperoni) we bol peýnir ony iň köp sargyt edilýän tagamlaryň hataryna goşýar.
Dört peýnirli (Quattro Formaggi)
Bu görnüş peýnir söýüjiler üçin hakyky sowgat. Bu pizzada adatça mozzarella, gorgonzola, parmezan we emmental peýnirleri utgaşdyrylýar.
Gawaý (Hawaiian)
Jedelli, emma meşhur. Süýji ananas bölekleri bilen duzly et önümleriniň garyşmagy netijesinde emele gelýän bu tagam dünýäde iň köp çekişmelere sebäp bolýan görnüşdir.
Gök önümli (Vegetarian)
Sagdyn iýmitlenmegi halaýanlar üçin dürli burçlar, kömelekler, zeýtun we sogan bilen bezelýän lezzet.
Pizzanyň dünýä derejesindäki meşhurlygynyň syry onuň elýeterliliginde we çalt taýýarlanmagyndadyr. Şeýle hem, her bir halk pizzany öz milli aşhanasynyň önümleri bilen baýlaşdyryp bilýär. Netijede, pizza diňe bir garnyňy doýurmak üçin däl, eýsem dost-ýarlar we maşgala bolup bir supranyň başynda jemlenmek üçin hem iň gowy bahana bolup hyzmat edýär. Bu gadymy, emma hemişe täze bolup görünýän tagam geljekde-de supralarymyzyň bezegi bolmagynda galar.
Ajap REJEPOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Žurnalistika kafedrasynyň mugallymy.
PDF









