ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň «Rokfeller» merkeziniň golaýynda oturdylýan Täze ýyl arçasy dünýäniň iň meşhur hem-de gadymy arçalarynyň biridir. Bu ýerdäki Täze ýyl arçasy ilkinji gezek 1931-nji ýylda oturdyldy. Örän ýönekeý bolan bu arçany dünýäniň meşhur «Rokfeller» merkezi binasyny gurýan gurluşykçylar oturdypdy.
Şondan soňra bu şäherde Täze ýyl arçasyny oturtmak hem-de bezemek däbe öwrüldi. Soňlugy bilen Täze ýyl arçasy ulaldylyp, onuň bezegleri köpeldi. Arça agajynyň hususy ýer böleklerinde ýetişdirilen hem-de norweg arçasy bolmagyna ähmiýet berilýär. Şol arçalaryň ägirt uly bolmagy hem-de ýaşynyň 75 ýyldan başlanmagy üçin tagalla edilýär. Şol agaçlaryň agramy 9 tonna barabar bolýar. Onuň bezegi üçin 30 müň çyra ulanylýar.
Batyr AMANNAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.