Her ýyl yzygiderli ýaýradylýan «Şadyýan şäherler» sanawy mälim edildi. Sanaw taýýarlananda, şäherleriň dolandyrylyşy, ýaşaýjylaryň gatnaşygy, ykdysady ýagdaýy, saglygy goraýyş ulgamy, daşky gurşaw we gatnaw ýaly ölçeglere garalýar. Sanawda birinji ýeri Kopengagen (Daniýa) eýeledi. Bu şäher medeni we ykdysady işjeňligi bilen öňe saýlanýar. Ikinji orny Şweýsariýanyň Sýurih şäheri eýeledi. Dünýä belli uniwersitetleri bilen tanalýan Singapur üçünji boldy. Degişlilikde, Orhus (Daniýa), Antwerpen (Belgiýa), Seul (Koreýa Respublikasy), Stokgolm (Şwesiýa), Mýunhen (Germaniýa) we Rotterdam (Niderlandlar) ilkinji onluga girdi.
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uly mugallymy.