2024-nji ýylda global haryt importynyň 13 göterimden gowragyny öz içine alýan Amerikanyň Birleşen Ştatlar dünýäde iň köp satyn alýan ýurda öwrüldi. Onuň importynyň möçberi 3,4 trillion dollara ýetdi.
Importyň düzümi, esasan, senagat çig mallaryndan we enjamlardan başlap, sarp ediş harytlaryna çenli giň. Bu ýagdaý ýurduň içerki sarp edişiniň ýokarydygyny we bazaryň has işjeňdigini görkezýär. Şol bir wagtyň özünde 2,6 trillion dollarlyk import bilen Hytaý dünýä reýtingde ikinji orny eýeleýär.
Bütindünýä Söwda Guramasynyň maglumatlaryna esaslanýan bu infografika Ýer togalagyndaky iň uly haryt importçylaryny aýdyň görkezýär. Birleşen Ştatlar dünýäde öňdebaryjy importçy hökmündäki derejesini uly tapawut bilen saklap galýar we global umumy importyň 13,6 göterimini emele getirýär.
Iň uly import ediji pudaklaryň arasynda derman senagaty we awtoulag pudagy bar. Meksika we Kanada bilelikde ABŞ-nyň importynyň 28,1 göterimini, Ýewropa Bileleşigi we Hytaý bolsa, degişlilikde, 18,5% we 13,4 göterimini düzýär.
Importy 718 milliard dollara ýeten Hindistan sekizinji orny eýeledi. Importyň ýyllyk 7% artmagy ýurduň durnukly ykdysady ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Satyn almak boýunça onuň esasy söwda hyzmatdaşlary Hytaý, Russiýa we BAE bolup, Birleşen Arap Emirliklerinden import 2024-nji ýylda 34% ýokarlandy.
Ösüş depgini boýunça Wýetnam importyň ýyllyk 17% artyşyny görkezip, öňde barýar. BAE 16% ösüş bilen onuň yz ýanyndan gelýär. Bu ösüş 2024-nji ýylda daşary söwdanyň rekord derejede bolmagy netijesinde, altyna we awtoulaglara bolan islegiň has-da artmagy bilen baglanyşyklydyr.
PDF









